Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ilatymyzyň durmuş goraglylygyny netijeli üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk edaralaryny iň täze enjamlar bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär.
Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dürli kesellere duçar bolan hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny goramaga, mynasyp bilim almaklaryna, durmuşda öz ornuny tapmaklaryna ýa-da saglygyny dikeldip, aýaga galmagyna gönükdirilen haýyrly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň aladasynyň edilmegi, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp we doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bimöçberdir.
Öz döwründe, sahawatly, takwa, baý täjir kişi Nejmeddin Kubranyň ýanyna baryp: «Men il-güne malymdan hüşür-zekat berýärin, haýyr-sahawat edýärin. Men bulardan başga halk üçin näme ýagşy iş edip bilerin?» diýip soranda, pir Nejmeddin Kubra ondan, çagalarynyň saglygyny alada etmegini, ýagşy terbiýe bermegini, okatmagyny, geljekde ile-güne ýaramly adamlar bolup kemala getirmegini sargyt edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan asylly ynsanperwer ýörelgesi hem hut biziň ata-babalarymyzdan, taryhymyzyň altyn sahypalaryndan gözbaş alýar.
Bu asylly ýörelgä, haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalaryň ene-atalary bilen bir hatarda, halkymyzyň hem köňül buýsanjy goşalanýar. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärler.
Meretgül ALLAKULOWA,
Lebap welaýat psinonewrologiýa hassahanasynyñ lukmany.