
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Bu çäre BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» boýunça Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, «Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri» şygary astynda geçiriler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji forumy BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçiriler. Bu forumyň dowamynda ýaş liderler ählumumy gün tertibini ilerletmegiň täze ýollary barada pikir alşarlar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň, BMG-niň degişli agentlikleriniň bilermenleriniň, şeýle hem ýaşlar başlangyçlaryny goldaýan halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.