
Geçen asyryň ahyrlarynda adamlar ýazuw işlerinde ýalňyşlyk goýberenlerinde, ony düzetmek ýa-da pozmak üçin ýörite pozguçlary ulanypdyrlar. Ýöne bu usul adamlar üçin oňaýly bolmandyr. Sebäbi bu usul kagyzyň ýyrtylmagyna getiripdir. Günlerde bir gün dürli žanrdaky makalalary ýazýan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Bett Grem atly zenan ýygan tekstinde ýalňyşlyk goýberipdir. Ýagny ol „awfull“ sözüniň ýerine „lawfull“ diýip ýazypdyr. Ol bu goýberen ýalňyşyny düzetmek üçin köp wagtyny sarp edipdir. Birdenem onuň diwarlara timar bermek üçin reňkläp duran işgärlere gözi düşüp, oýa batypdyr. Ertesi gün Bett Grem kiçiräk çotgajyk bilen suwly reňklendirijini ýany bilen getiripdir.
Ilki bilen ol ýalňyşlygy garalamada ak reňklendiriji bilen reňklemäge synanyşypdyr. Ilkinji synanyşygy başa barmandyr. Sebäbi ol köp wagtlap guramandyr, yz galdyrypdyr, hem ýakymsyz ys beripdir. Bett Grem maksadyna ýetmän goýmandyr. Ol garyndynyň içine nahar sodasyny, duzy we ýelimi goşup, ýene bir gezek synanşypdyr. Bu sapar onuň synanyşygy şowly bolupdyr, ol islän garyndysyny almagy başarypdyr. Şeýlelikde, Bett Grem reňkleýän we tiz guradýan düzediji guraly (zamaskany) oýlap tapypdyr. Ilki bilen, ol bu guraly diňe öz işleşýän adamlary üçin ýasapdyr. 15 ýyldan soňra, Bett Grem garyndynyň düzümini kämilleşdirip, ýörite fabrikalarda öndürip başlapdyr. Şeýlelikde, bu zenan öz zähmeti we oýlap tapyjylygy bilen millioner bolmagy başarypdyr.
TURKMENgazet.com