HabarlarSlider

Türkmenistanyň wekiliýeti Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

Sloweniýa

03-09-2025 / 4

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda bellenilşi ýaly, 2025-nji ýylyň 1–2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bledde (Sloweniýa) geçirilen Bled strategiki forumynyň işine gatnaşdy.

Türkmen wekiliýeti bu halkara çekişme platformasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde M.Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan «The Centrality of Central Asia» atly tegelek stol maslahatynda çykyş etdi.

Ministriň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ynanyşmagyň we dialogyň guraly hökmündäki ähmiýetini, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewraziýada ulag we energetika baglanyşygyny ösdürmekdäki, şol sanda Hazarüsti ulag geçelgesine we “ýaşyl” energetika boýunça başlangyçlara gatnaşmakdaky ornuny belledi.

***

Saparyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, syýasy gatnaşyklar we ösüş boýunça döwlet sekretary doktor Melita Gabriçiň, şeýle hem Sloweniýanyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Damýan Bergantyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Taraplar iň ýokary derejede gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şeýle hem Lýublýanada syýasy geňeşmeleriň indiki tapgyryny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň we Sloweniýanyň energetika, ulag, bilim we medeni alyşmalar ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Taraplar halkara platformalarynda, şol sanda BMG-niň düzümlerinde we “ÝB – Merkezi Aziýa” sebitleýin hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ilerletmäge bolan meýillerini tassykladylar.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri gurnamaga hem aýratyn üns berildi.

M.Bäşimowa slowen tarapyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu