SliderŽurnalistiň sahypasy

Joý Mangano – zenan millioner

„MiracleMop”

27-03-2025 / 125

Gürrüň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Joý Mangano atly bir tanymal şahsyýet barada. „Joý“ kinofilmi döredilenden soňra onuň at-abraýy dünýä tanalyp başlandy. Sebäbi kinofilm taryha giren bu zenana bagyşlanyldy. Bu zenanyň tapawutly tarapy onuň şowlulygynda däl-de, sabyrlylygyndadyr.  Bu başarjaň zenan üç çaganyň ejesi bolupdyr. Günlerde bir gün Joý elindäki bulgury gaçyryp, döwüpdir. Ony esgi bilen süpürmekçi bolanda, elini kesdiripdir. Şonda bu zenan öý arassalananda, esgini ellemezden öllemäge we sykmaga ukyply enjamy  döretmek hakynda oýlanypdyr. Ol enjam plastikadan ýasalyp, ujunda nah mata bölejikleri bolupdyr. Onuň suwuny sykmak üçin hem ýörite sykyjy guraly ulanylypdyr. Bu enjam soňra „MiracleMop” adyny alypdyr. Öý arassalaýjy enjam Joýnuň ilkinji açyşy bolupdyr.

Mangano ilkinji gezek ýuwujy enjamynyň 100 sanysyny kakasynyň hojalyk harytlary dükanynda satmaga çalyşýar we bary-ýogy onusy satylyp, uly ýitgä sezewar bolýar. Soňra ol öz harydyny telewideniýe arkaly mahabatlandyryp, 20 minutlap çykyş edýär. Netijede, ol enjamyň peýdaly taraplaryny halka düşündirmegi başarýar we bu haryda bolan isleg juda artýar. Joý ýylda 1 million dollar gazanýar we oýlap tapyjylyk ukybyndan peýdalanyp, başga-da birnäçe hojalyk üçin peýdaly bolan täze açyşlaryň üstünde işleýär, olaryň döwrebap görnüşlerini oýlap tapýar.

TURKMENgazet

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu