
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada saparda bolýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.
Duşuşykda R.Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.