HabarlarSlider

«Merkezi Aziýa – Russiýa» sammiti: Türkmenistan ulag we elektroenergetika boýunça wajyp teklipleri öňe sürdi

Duşanbe

10-10-2025 / 109

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ikinji sammitde eden çykyşynda ulag we energetika ulgamlary barada hem aýratyn durup geçdi. Bellenilişi ýaly, ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly we netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr.

«Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta  halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetini bellemek isleýärin. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr» diýip, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz  çykyşynda belledi.

«Döwletlerimiziň çägi boýunça elektroenergiýany ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip edýäris. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyrys. Biziň bilelikde toplan, şeýle hem täze tejribelerimiziň we ylmy-tehniki gazananlarymyzyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn» diýip, Hormatly Prezidentimiz belledi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu