Tebigy nemlendiriji aýratynlygy bilen kosmetiki önümleri taýýarlamakda kosmetologlar tarapyndan giňden peýdalanylýan aloe ösümligine nädip ideg etmeli?
Ösümligiň ýapraklaryndaky jel, kesilenden soňra hem bir hepde saklanylyp bilinýär. Ony gerekli ýere ulanmak arkaly nemlendiriji hökmünde ulanyp bilersiňiz. Aloe jeli ýaralaryň, kesikleriň we ýanyk yzlarynyň tiz gowulaşmagyna garşy gowy täsir edýär.
Watany Afrika bolan aloe «ölmezlik ösümligi» we «derman ösümligi» atlary bilen hem bellidir. Miladydan öňki 1500-nji ýylda Gadymy Müsürde ýokançlyklary we parazitleri bejermekde, şeýle-de ýanyk yzlary bejermekde ulanylan ösümligiň meşhur Müsür şa zenany Kleopatranyň gözellik syrlaryndan biri bolandygy bize mälim bolsa gerek. Şeýle hem afrikaly awçylaryň derisini we bedeniniň ysyny aýyrmak üçin aloe ulalandyklary aýdylýar.
96 göterimi suwdan ybarat ösümligiň ýapraklarynda efir ýaglary, aminokislotalar, minerallar, witaminler, fermentler, glikoproteinler, rezin we antrasin ýaly maddalar bardyr. Bu maddalardan başga-da bu ösümlikde aspiriniň esasy düzümi bolan salisil turşusy hem bar.
Geçirilen gözlegleriň netijesinde, aloe ösümliginiň derini nemlendirýändigini, güne ýanmagy we deriniň dökülmeginiň öňüni almakda peýdalydygy, deriniň çeýeligini we täzeligini saklamaga, düwürtiklere we ekzema gözegçilik etmäge kömek edýändigi anyklanýar. Aloe mör-möjekleriň ýa-da çybynlaryň dişlemeginden ýa-da allergiýadan döreýän gyjyndyrma üçin hem peýdalydyr.
Aloe saçlary iýmitlendirýär we onuň parlak görünmegini üpjün edýär.
Aloe jelini ýüzüňize, boýnuňyza we bedeniňize çalyp hem ulanyp bilersiňiz. Bu jel deriňize çuňňur aralaşyp pH deňagramlylygyny kadalaşdyrýar. Jeli aloe ýapragynyň ortasyndan kesip ulanyp bilersiňiz.
Rahym ESENOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.