Sagdyn durmuşSlider

Göz — kalbyň aýnasy

12-03-2025 / 252

«Göz — kalbyň aýnasy» diýilýär. Aslynda welin, göz ynsanyň tutuş bedeniniň saglyk ýagdaýyny äşgär edýär. Çünki görüş agzalarynyň ýagdaýyna görä, bedeniň içki agzalarynyň işleýşini anyklamak mümkindir. Biz daş-töweregimizdäki zatlary, hadysalary gözlerimiz arkaly görýäris. Şeýle hem gözellik babatda-da gözlerimize uly orun degişlidir. Bu bolsa gözlerimiziň ähmiýetiniň uludygyny subut edýär. Magtymguly atamyz ýöne ýere «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýip aýdyp geçmändir ahyryn!

Gözler, ilkinji nobatda, bedendäki holesteriniň derejesini mälim edýär. Gözleriň saralmagy bilen bagyr näsazlyklarynyň, ýagny, gepatit keseliniň ilkinji alamatlaryny anyklamak mümkin. Gözleriň guramagy bolsa A ýokumynyň we arassa howanyň ýetmezçiliginden habar berýär. Şeýle-de dartgynlylyk ýagdaýy hem gözleriň bu hala düşmegine getirýär. Şu hili ýagdaýlar ýüze çykan dessine lukmana görünmek maslahat berilýär. Şeýle-de göz lukmany gündelik iýmitimiziň düzümine käşiri goşmagyň hökmanydygyny nygtaýar. Munuň ýaşaýşymyzyň diregi bolan görer gözümiziň sagdyn bolmagyna haýry degýär.

Gözüň görşüniň peselmegi göz keselleri, şikesler we beýleki ulgamlaryň keselleri bilen bagly bolup durýar. Miopiýa, gipermetropiýa, katarakta, keratit, astigmatizm we beýlekiler göz kesellerine girýär. Süýji keseli, galkan şekilli mäzleriň keselleri, gipertoniýa, ganazlyk… hem görşüň peselmegine sebäp bolup bilýär. Şunuň bilen baglylykda, göz keselleri gözüň görejine zyýan ýetirmez ýaly, wagtynda oftalmolog lukmana ýüz tutmaly. Beýleki kesellerde bolsa degişli lukmanyň bejergisini alyp, gözüň görşüniň peselmeginiň öňüni almak bolar.

Gözüň görejini goramak üçin wagtly-wagtynda lukmana ýüz tutup, anyklaýyş barlaglaryndan geçip durmak maslahat berilýär. Munuň özi göz keselleriniň döremeginiň öňüni almaga ýardam eder. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli keselleri, şol sanda göz kesellerini anyklamak we bejermek üçin ähli döwrebap şertler döredildi. Ýurdumyzyň hassahanalarynyň, saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini buýsanç bilen belläp geçmek gerek.

Umyda ŞARIPOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň maslahat beriş bölüminiň göz lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu