Sagdyn durmuş

Çagalarda möwsümleýin keselleriň öňüni almak

05-03-2025 / 128

Saglyk ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem saglygymyzy, aýratyn hem, çagalaryň saglygyny goramaga, möwsümleýin keselleriň öňüni almaga üns bermelidir.

Ýiti respirator ýokançlary, adatça, möwsümleýin, şonuň ýaly-da, adamlaryň üýşýän ýerlerinde has ýygy ýüze çykýar. Möwsümleýin keseller çagalarda immun ýetmezçiliginiň dürli görnüşleri sebäpli, şeýle-de bronhlar — öýken, böwrek, süýji, ýürek-damar keselleri bilen kesellän adamlarda ýokary derejede bolýar.

Ýiti respirator ýokançlarynyň geçmeginiň esasy ýoly howa-damja görnüşidir. Adam üsgürende, asgyranda, gürleşende dürli ýokançlar howa ýaýraýar. Dem alyş ýollarynyň zeperlenmeginde hemme ýiti respirator ýokançlary üçin daş-töwerege ýaýramak häsiýetlidir. Şol sebäpli öňüni alyş çäreleri hem umumy geçirilýär.

Çagalar elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup ýa-da spirtli antiseptik bilen arassalap durmalydyrlar. Näsag üsgürýän ýa-da asgyrýan wagty agzyny we burnuny tirsegi ýa-da kagyz süpürgüç bilen ýapmaly. Ýygy-ýygydan ellenilýän telefonlar, gapy tutawaçlary, çyrany öçürijiler we aşhana iş stollary ýaly ýerleriň ýüzüni yzygider arassalap we zyýansyzlandyryp durmaly.

Eger özüňiz ýa-da çagaňyz gyzdyrsaňyz, üsgürseňiz ýa-da ýokanç keselleriň beýleki alamatlary ýüze çyksa, dessine lukmançylyk kömegini almaly. Şeýle hem bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Meretgül HUDAÝBERDIÝEWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu