HabarlarSagdyn durmuşSlider

Bu gün Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy baýram edilýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy

29-03-2025 / 130

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjynyň esasynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi we Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu Gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi ýylsaýyn giňeýär.

Mälim bolşy ýaly, düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň  «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa, onuň yzysüre Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilen maliýe serişdelerini bölüp bermek yzygiderli häsiýete eýe boldy. Dünýäniň birnäçe döwletlerine ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi bu düzümiň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge-de möhüm goşant goşýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ýaş nesil hakyndaky aladalary ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli döwletli tagallalary mundan beýläk hem rowaçlyga beslensin!

Selbi ATAÝEWA

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu