Sagdyn durmuş

MILLI LUKMANÇYLYK: öňdebaryjy tejribeler

25-09-2022 / 13

Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol boýunça ösdürmegiň binýatlyk esasy hökmünde lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmaga örän uly üns berilýär. Bu işlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär.

Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ýurdumyzda we bütin dünýäde adamlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar. Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän zerur derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary bilen bökdençsiz üpjün etmek ýola goýuldy. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere bu maksatnamanyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylandygyny buýsanç bilen ýatlamaly. Munuň özi bu abraýly halkara guramasynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna beren ýokary bahasydyr.

Saglyk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleriň netijesinde rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilatyň düşünjeliligi ýokarlandyryldy. Bu babatda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik mazmunly köp jiltlik kitaplary uly orna eýe boldy. Bu kitaplarda beýan edilen, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerini çuňňur öwrenip, alym-hünärmenlerimiz täze melhemlik we derman serişdeleriniň üstünde işleýärler.

Häzirki wagtda ýaşlar milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen ylmy-amaly işlere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle işler geljegine uly ynam bildirilýän ýaş hünärmenleriň bilim ojagy bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem has giň gerime eýe bolýar. Uniwersitetde ýaşlar tejribeli mugallymlaryň kömegi bilen ylmy işleri ýazyp, ylym giňişliklerine ynamly aralaşýarlar. Munuň üçin ýurdumyzda, şol sanda uniwersitetimizde hem ähli mümkinçilikler döredilendir.

Milletiň saglygy diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.

Orazmuhammet AMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mugallymçylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu