Sagdyn durmuş

Suwuň saglyga peýdasy

12-06-2021 / 14

Howa, gün, suw ynsan durmuşy üçin iň gerek bolan elementler hasaplanýar. Şu elementleriň biri bolan suwuň hem adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy ýaşaýşyň çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam edýär. Şeýle hem suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynyna hem täsir edýär.

Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy, durmuşdaky orny barada alymlaryň işlerinde duş gelýär. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamyny dok halda saklamaga, aşgazanyňy doldurmaga hem ukyplydyr. Eger adam iýmitlenmän 50 gije-gündizläp ýaşap bilýän bolsa suwsuz 5 günden köp ýaşap bilmez. Biz her ýyl bedenimiziň agramyndan 5 esse köp suwy öz üstümizden geçirýäris. Adam ýaşan döwründe ortaça 25 tonna suw içýär. Organizmde 10 göterimden köp suwuň ýitirilmegi özüňi ýaramaz duýup başlamaga mejbur edýär. 20 – 30 göterim suwuň ýitirilmegi bolsa soňy köp halatlarda ölüm bilen gutarýar.

Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, adam günüň dowamynda iki-üç litr suw içmeli. Esasan-da häzirki yssy howaly günlerde gaýnadylyp sowadylan suw içmek maslahat berilýär. Sebäbi gaýnag suw bedende madda alyş-çalşygy güýçlendirýär. Bularyň hemmesi adam saglygyna suwuň örän peýdalydygyny aýdyň görkezýän delillerdir.
Adamyň bir gije gündizde sarp edýän suwy 2,5 litre golaý, ýöne bu san adamyň bir gije gündizde 10 stakan suw içmelidigini aňladanok, çünki, biziň sarp edýän suwumyzyň bir bölegi iýmitde bolýar. Başga bir bölegi bolsa organizmde beloklaryň ýaglaryň hem-de uglewodlaryň dargamak prosesinde emele gelýär. Mysal üçin 100 gram ýagyň okislenmegi netijesinde 107 ml suw, 100 gram uglewodyň okislenmegi netijesinde 55 ml suw emele gelýär.

Taýýarlan: Selim REJEPGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu