Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn nesiller — ýurduň geljegi

28-12-2022 / 12

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzda nesilleriň kadaly kemala gelmegi, tiz ösüp-ulalmagy, olaryň durmuşynyň has gözel we geljeginiň röwşen bolmagy hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň esasy bölegine öwrüldi. Şoňa görä-de çaganyň irki ösüşi ugrunda has düýpli işler amala aşyrylyp bitewi hyzmatlar ulgamy emele getirildi.

Altyn asyrymyzyň altyn nesilleriniň sagdyn ösmeginde, kadaly iýmitlenmeginde, ähli taraplaýyn ösen hem-de mekdepde we durmuşda üstünlik gazanmaga ukyply bolmagynda, howpsuz gurşawda okamagynda, geljege ynamly garaýan şahsyýet bolup ýetişmeginde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem uly orny bar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpelere mynasyp seretmek, terbiýelemek, sagdyn ösdürmek we ýokary hil derejesinde sowat öwretmek biziň esasy wezipämiz bolmagynda galýar.

Çagalaryň mekdebe ýeňillik bilen geçmegine ýardam bermek maksady bilen çagalar edaralarynda mekdebiň öňi syrasyndaky maksatnamalaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar.Şonuň üçin hem mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýelenýän çagalar bilen halkara bilim standartlaryna laýyklykda sanlylaşdyrylan sapaklar geçirilýär. Okuw-terbiýeçilik işleri görnüşleriniň aýry-aýrylygyna we çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä sanlylaşdyrylan usulyýetde alnyp barylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýada, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky»  Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çaganyň doly derejede kemala gelmegini üpjün etmek we olaryň bähbitlerini goramak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hem çagalaryň irki ösüşini talabalaýyk gazanmaga esas döredýär we bu ugurda ýola goýlan işlere hukuk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Çünki çaganyň irki ösüşiniň hil we mazmun taýdan ýokary derejeli bolmagy, aňrybaş şertlerde bilim-terbiýe almagy umumadamzat ösüşiniň düýp özenidir, maşgalanyň, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyň ygtybarly binýadydyr.

Soltanpaşşa BABAJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu