Sagdyn durmuş

Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy

07-10-2022 / 65

Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol boýunça ösdürmegiň binýatlyk esasy hökmünde lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmaga örän uly üns berilýär. Bu işlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär.

Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ýurdumyzda we bütin dünýäde adamlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar. Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän zerur derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary bilen bökdençsiz üpjün etmek ýola goýuldy. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere bu maksatnamanyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylandygyny buýsanç bilen ýatlamaly. Munuň özi bu abraýly halkara guramasynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna beren ýokary bahasydyr.

Saglyk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleriň netijesinde rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilatyň düşünjeliligi ýokarlandyryldy. Bu babatda Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik mazmunly köp jiltlik kitaplary uly orna eýe boldy. Bu kitaplarda beýan edilen, türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerini çuňňur öwrenip, alym-hünärmenlerimiz täze melhemlik we derman serişdeleriniň üstünde işleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynyň işgärleri tarapyndan güýçli dermanlyk täsirine eýe bolan buýan köküniň düzümindäki glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan azyk önümleriniň taýýarlanyşynyň işlenip düzülmegi sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

Hünär baýramyňyz gutly bolsun, gadyrly milli saglygy goraýyş ulgamymyzyň işgärleri!

Pälwan RESULOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu