Sagdyn durmuşSlider

Nar nämelere peýdaly?

06-10-2022 / 20

Güýzüň iň ýokumly nygmatlarynyň biri hem nardyr. Lukmanlar bu datly nygmatyň müň bir derdiň emidigini aýdýarlar.

Nar ýürege barýan damarlary iýmitlendirýän, ganyň düzümindäki demri köpeldýän iýmitdir. Şol sebäpli lukmanlar ganazlykdan ejir çekýänlere köpräk nar iýmegi maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, naryň gan-damar keselleriniň öňüni alýandygy hem aýdylýar.  Nary  köp iýmek bedeniň uzak wagtlap ýaş görünmegi üçin peýdalydyr.

Nar aşgazandyr içegeleri tämizläp, iýmitden galan galyndylary bedenden aýyrýar. Böwrekde daş döremeginiň öňüni alýar.

Naryň düzümi ýokumlara örän baýdyr. Şol ýokumlaryň biriniň süňklerimi bekedýändigi hem aýdylýar. Bir narda, ortaça, 700 däne bolýar. Onuň 100  gramynda bolsa 72 kilokaloriýa bardyr.

Naryň suwy dişleriň çalt düşmeginiň öňüni alýar. Sebäbi onuň düzüminde mikroblara, wiruslara garşy göreşijiler bolup, olar dişlere düşýän bakteriýalardan goraýar. Aslynda, naryň bakteriýalarynyň inçekeseliň öňüni almaga hem ukyby bardyr.

Deriniň arassa we sagdyn bolmagynda-da naryň täsiri uly. Howanyň sowamagy bilen ýokumlara baý, kesellere garşy göreşijiligi güýçli nar köpräk iýlende, bedeni güýçlendirip, dümew keseliň öňüni alamakda hem iň gowy serişdedir.

Aýsoltan AKMYRADOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu