
Eziz Watanymyzda her ýyl 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy uly dabaralar, täze üstünlikler bilen utgaşyp gidýär. Nesilleriň sag-salamat dowamat-dowam bolmaklary üçin ähli zerurlyklaryň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýän halkymyz saglygyň baş baýlykdygy baradaky ýörelgäni asyrlarboýy öz durmuş pelsepesiniň merkezinde goýýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy guwandyryjy ösüşlere eýe boldy. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, milli derman senagatyny ösdürmek maksady bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap köpugurly saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, ýokary hilli öňüni alyş we bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny hödürleýän sagaldyş hem-de dynç alyş merkezleri, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça milli maksatnamanyň, şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça meýilnamanyň hem-de ösüşe gönükdirilen beýleki maksatnamalar bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, sanly tehnologiýalar peýdalanylýar. Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işi ýola goýuldy. Bu maksatlarda toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri geçirildi, dermanlar, waksinalar we beýleki sanjym serişdeleri, lukmançylyk serişdeleri bilen üpjünçilik ýola goýuldy.
Saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň hünär baýramy diňe bu ulgamlarda işleýän hünärmenler üçin däl, ähli halkymyz üçin ajaýyp baýramdyr.
Goşa ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň mugallymy.