Badam we onuň saglyga peýdasy hakynda şu wagta çenli kän maglumatlar ýüze çykdy. Biz hem şolary ýygnap, size ýetirmegi maksat edindik:
- Badam näme üçin peýdaly diýen soraga iň gowy jogaplaryň biri witaminleriň we minerallaryň köplüginde diýip jogap berse bolar. Çünki bedeniň witaminine we mineral zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin badamy günde ýarym çaý käse çenli sarp etmek gaty peýdalydyr.
- Badam ýagy azyk, parfýumeriýa we derman senagatynda giňden ulanylýar. Ol derman we kosmetiki melhemler üçin esas bolup hyzmat edýär. Esasanam laksatif we emulsiýa görnüşinde örtük we emolýent görnüşinde ulanylýar.
- “Badam medeniýeti” diýlen düşünje döreýşiniň esasy ojaklary bolan mesgenlerde miladydan öňki köp asyrlarda ýüze çykypdyr. Ol hakynda ilkinji gezek Injilde ýazylandygyny bilermenler subut etdiler.
- Badam ýagy gury derä gaty gowy täsir edýär. Derini ýumşadýar we terlik berýär. Mundan başga-da, saçlara janlylyk goşup, saçyň saglygyna hem peýdalydyr.
- Badam tortlaryň köp görnüşini ýasamak üçin ulanylýar we süýji çörekler üçin doldurgyç hökmünde ulanylýar. Soňky ýyllarda badam ýagy günbatar ýurtlarynda nohut ýagyna alternatiw hökmünde isleg barha artýar. Esasanam, badam Hytaý we Indoneziýa aşhanasynda aýratyn orny eýeleýär.
- Eger-de böwrek we onda döreýän daş meselesi bilen saglyk ýagdaýyňyz erbet bolsa onda irden aç wagtyňyz bir çemçe badam ýagyny içmek böwrek we peşew ýollaryna zeper ýetirmezden ondaky daşlary ýok edip biler.
- Badam tohumynyň gabygy, konýaklaryň, likýorlaryň, çakyrlaryň tagamyny gowulaşdyrmak we ondan işjeňleşdiriji uglerod öndürmek üçin ulanylýar. Ýöne amigdaliniň düzümi sebäpli gaýtadan işlenmedik badam tohumlaryny diňe çäkli mukdarda ulanmaga rugsat berilýär.
- Badamda bedeniň immunitetini güýçlendirýän aýratyn antioksidant düzümi bar. Ol öt haltasynda ýüze çykyp biljek daşlaryň öňüni alyp ötdäki daş meselesini ýok edýär.
- Badam iýýän adamlarda zyýanly holesteriniň azalýandygy syn edildi. Şonuň üçin ol ýürek-damar kesellerini goraýjy hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, badamyň ajy görnüşi süýji kesele garşy iň gowy dermandyr.
- Häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda badam hasylynyň ýarysyndan gowragy öndürilýär. Ondan başga-da Ortaýer deňiz sebitinde (Ispaniýa, Italiýa, Portugaliýa), Eýran, Owganystan we Awstraliýada öňden bäri badam stendleri ýola goýlan. Täjigistanda bolsa hatda “badam şäheri” – Kanibadam bar.
Orazjemal BERDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.