Sagdyn durmuşSlider

Bedendäki artykmaç ýaglary ýakýan iýmitleri bilýäňizmi?

28-03-2022 / 42

Deňagramly iýmitlenmäge we yzygiderli fiziki işjeňlige garamazdan, bedenimizdäki artykmaç ýaglardan dynmak aňsat bolmaz. Käbir işjeň iýmit maddalary içege arkaly ýaglaryň ýakylmagyna, okislenmegine we hatda ýok edilmegine-de kömek edip biler. Ýagy ýakýan iýmitler – ýagy jemlemek we bedene oňyn täsir etmek ukybyna eýedir.

Baklajan. Eger-de siz baklajany bişirmäge öwrenişen bolsaňyz, bu gök önümiň hakyky gubka ýaly ýagy özüne çekýändigine göz ýetiren bolsaňyz gerek. Baklajan, bedendäki ýagy alýar hem-de onuň bedenimizden aýrylmagyna ýol açýar.

Baklajanyň ýagy ýakýan täsiri, ýokary iýmit süýümi bolan pektin bilen baglanyşyklydyr. Iň oňat täsir etmek üçin, baklajany buglamagy ýa-da bişirmegi saýlaň!

Ýagyň ýakylmagyna güýçli itergi berýän içgi: gök çaý. Bu täsir ylmy taýdan hem subut edildi. Gök çaý ýagy ýakýan iň täsirli iýmitlerden biridir. Gök çaýda kateşin bar. Içindäki «Epigallocatechin Gallate» (EGCG, Epigallocatechin Gallate) metabolizmi çaltlaşdyrmaga we ýagyň ýanmagyny ep-esli ýokarlandyrmaga kömek edýär. Şonuň üçin gök çaýy yzygiderli içýänler köplenç has aňsat horlanýarlar.

Limon – ýagy siňdirmäge  kömek edýär. Limonyň esasy düzümi limon kislotasydyr. Limon kislotasynyň bedende köp peýdasy bar. Onuň antioksidant güýji immunitet ulgamyny berkitmäge we öýjükleriň garramagyna garşy göreşmäge kömek edýär. Limon kislotasynyň horlanmakda hem käbir peýdala taraplary bar. Öt we iýmit siňdiriş fermentleriniň öndürilmegini, şeýlele-de bilen iýmit siňdiriş ulgamyny oýarýar, metabolizlenenden soň bedeniň ýaglaryny siňdirmegi, gaýtadan ulanmagy we ýok etmegi ýeňilleşdirýär.

Alma – ýaglardan has tiz gutulmaga ýardam edýär. Alma ereýän süýümiň we düzümindäki pektiniň kömegi bilen ýagy ýakýan täsirli iýmitdir. Iýmit siňdiriş ulgamynda pektin içegäniň üsti bilen artykmaç ýagyň ýok edilmegine işjeň gatnaşýar. Ereýän süýümi iýmek, hat-da ganyň holesterini we gandaky şeker derejesini kadalaşdyrmaga hem kömek edýär. Almany yzygiderli iýmek, horlanmakda, esasanam ýag ýakmakda örän işjeň kömek edýär.

Ýokarda agzalan iýmitler horlanmagyňyza kömek eder. Ýöne olar hiç haçan özbaşdak çözgüt däldir. Bu nukdaýnazardan iň uly ýalňyş düşünjeleriň biri-de ananas iýmekdir. Ananas – iň meşhur ýag ýakýan iýmitleriň biridir. Onuň hut şeýledigine garamazdan, seresap bolmaly. Ananas – bromelain düzümli, ýagyň ýanmagyna itergi berýän fermenti bilen meşhurdyr. Bromelainyň esasan aýrylmaz bölegi ananasyň baldaklarynda bolýar. Şonuň üçin bu miwäni käwagt berhizlerde bolşy ýaly horlanmak üçin hem peýdalanyp bolar. Ananas sagdyn we deňagramly iýmitlenmegiň bir bölegi bolan süýüme we mikroelementlere baý miwe hökmünde-de iýilip bilner.

Şahnoza JORABAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu