Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda daşary syýasatda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatlary taýýarlamak maksady bilen açylan “Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň” agzalarynyň arasynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda “Beýik Seljukly döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy” temasy boýunça geçiriler.
Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnuna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar okamaklary maslahat berilýän edebiýatlar barada giňişleýin maglumatlar bilen institutyň saýtynyň https://www.iirmfa.edu.tm/ “Bildirişler” bölüminde tanşyp bilerler. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda telegörüjiler üçin hem ýörite soraglaryň bardygyny bellemek gerek. Soraga dogry jogap beren ildeşlerimiziň atlary bäsleşigiň indiki sanlarynda agzalyp geçiler.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.