Ata Watanymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinden beýik işler biri-birine utgaşýar. Ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar biziň güýjümize-güýç goşup, göwünlerimizi joşdurýar.
2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halk, Arkadag, zamana diýen üç mukaddesligiň güýjüne daýanýan Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan, halk bähbitli işleriň diňe öňe ilerleýän döwletidiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ähli ugurlarda gazanylýan okgunly öňegidişlikler, oňyn ilerlemeler milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz mähriban halkynyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanmak arkaly düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde Türkmenistan dünýäniň batly depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşuldy. Şeýle guwandyryjy ýagdaý, nesip bolsa, täze ýylda-da dowam eder. Ol rowaçly, asuda, abadan ýyllaryň biri bolar.
Ýylyň adyny göwünlerimiziň şadyna öwrüp, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän ilhalar başlangyçlaryny amala aşyrmaga öz ähli gujur-gaýratymyzy bagyş ederis.
Enejan TÖRÄÝEWA,
Çärjew etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.