Ýurdumyzyň ykdysadyýet pudagyna dünýäniň soňky gazanan innowasion tehnologiýalary we täze usullary ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen ýurdumyzyň gümrük gullugynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda ornaşdyrylan «ASYCUD WORLD» atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy munuň aýdyň mysalydyr.
«ASYCUDA WORLD» iňlis dilinden terjime edilende (Automatic systems for customs data) dünýäde gümrük işiniň awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýady diýen manyny berýär. Ol daşary söwdanyň düzgünleriniň aglabasyny öz içine alýar. Utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy manifestleri, gümrük deklarasiýalary, hasaba alyş kadalary, üstaşyr we gümrük resmileşdiriş düzgünlerini işläp taýýarlaýar. Utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy statistiki ykdysady derňew üçin söwda maglumatlary işläp taýýarlaýar.
Bu ulgam Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň merkezi edarasynda işlenip taýýarlanyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, Bütindünýä Gümrük guramasy hem şol ýerde ýerleşýär. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna we öz gezeginde kagyz resminamalarynyň görnüşleriniň hem-de resmileşdirme wagtynyň azalmagyna, daşary söwdanyň ýokarlanmagyna, eksport we üstaşyr kuwwatymyzyň berkemegine, gümrük tölegleriniň artmagyna, netijede bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň has-da ösmegine ýardam eder. Gümrük tölegleriniň möçberleriniň ulgama girizilmegi, ähli gümrük tölegleriniň ulgam tarapyndan awtomatik usulda hasaplanylmagyny üpjün edýär. Ulgam halkara tejribä laýyklykda umumy tapgyrlaýyn ulgamlaryň işe girizilmegi boýunça ornaşdyrylýar. Ol Türkmenistanyň gümrük serhedinde gözegçiligi amala aşyrýan beýleki ygtyýarly döwlet edaralary bilen elektron görnüşinde maglumat alyşmaga, şeýle hem harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin bir ulgama birikmäge ýardam edip, ýurdumyzda halkara tejribede belli bolan «Ýeke penjire» ulgamynyň döremegine we Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň sanly ulgamyna geçmek üçin esasy binýat bolmagyna oňaýly şert döredýär.
Häzirki wagtda gullugyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasynyň internet sahypasynda (terminal.gov.tm) ýerleşýän gümrük amallaryny öňünden hasaba almak hyzmatynyň kömegi bilen, daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň deslapdan harytlar barada degişli maglumatlary gümrük edarasyna mälim edip bilýändigi, her bir daşary ykdysady işine gatnaşyja gümrük edarasyna barmazdan, internet ulgamyna girip, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin resminamalary elektron görnüşinde ýollamaga mümkinçilik döredilendigi, bu hyzmatyň ýeňillikleriniň serhetýaka gümrük postlaryna gelýän harytlary resmileşdirmekde wagty tygşytlamaga hem-de seljermäge mümkinçiliginiň bardygy guwandyryjydyr.
Wepa ATAÝEW,
Balkan welaýat gümrükhanasynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Parom geçelgesi» gümrük nokadynyň çalşygynyň ulusy.