Žurnalistiň sahypasy

Mähriban obam

18-12-2021 / 62

Göbek ganym daman ýeri, dogduk öýüm — eziz obam! Bagtyýar talyp gyzyň hökmünde seni wasp etmezlik mümkin däl! Serime gelýän sözleri senden näçe alysda bolsam-da, beýan etmezlik mümkin däl…

Eziz obam! Gör, nähili mukaddes, gulaga ýakymly jümle. Bu barlykda ynsan kalbynyň aram tapýan ýeke-täk ýeri dogduk mekany bolsa gerek. Elbetde, her kime önüp ösen dogduk öýi oňa mähriban görünýär. Çünki ol mähriban topragyň goýnunda seni dünýä getirip terbiýelän, seni kemala getiren ene-ataň, eziz doganlaryň, begeneniňde şatlygyňa şatlyk goşjak, aglaňda derdiňi paýlaşjak ýakynlaryň, alysda bolanyňda seni ýatlajak dost-ýarlaryň, dolananyňda saňa gujagyny giňden gerjek iliň-günüň bar ahyryn.

Dogduk obam! Ýakymly ýatlamalara, mukaddes hormata beslänim, ykbalyma öwüt beren günleriňde galaýyn! Salkyn şemally, bag-bakjaly owadan ýaýlalaryňa, tämiz saba-säherleriňe döneýin! Bu mähriban topragyň her bir gysymyna bagtly çagalygymyň şadyýan hem-de sapaly çagy, geçen günlerimiň bir-birinden gyzykly ýatlamalary siňipdir.

Ýokary okuw mekdebine gaýtmazymyň öň ýany käbäm enem hem-de kyblam atamyň: «Oka, hasyl bolan myradyň üçin oka!» diýen sargydy müdimilik owaz bolup, her ädimimde ruhuma ruh, badyma bat goşýar. Megerem, bu sözler Watana bolan söýginiň perzende bolan söýgi bilen özboluşly utgaşmasy bolsa gerek.

Her gezek dynç alyş möwsümine çykyp, mähriban obama baranymda dogduk mekanymyň owadan baharda al-elwan güllere, begres geýnen ter-çemenli düzlere, täzeden jan giren baglara bürenen gözelligini, datly nygmatlaryň bol hasylly, jöwzaly tomsuny, tyllaýy güýzüni, aklyga bürenen aňzak gyşyny synlap kalbym heýjana gelýär, ol hakdaky mukaddes duýgular zybana dolýar. Günler, aýlar, ýyllar kerwen gurap geçse-de, dogduk obama barýan nurana ýollar şol öňküsi dek gözel hem-de eziz.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu