Žurnalistiň sahypasy

Az gürläp, köp zady gazan!

09-12-2021 / 12

Başardygyňyzça gürrüň diňlemekden irinmäň, çünki adamlar gürrüň diňlemek arkaly özleriniň gürrüň bermek ukybyny öwrenýärler. Ýönekeýje mysal: eger çagany enesinden aýryp, onuň bilen hiç kim gürleşmese, hiç kim hajyk-hujuk etmese, şeýdibem, ol hiç kimiň sesini eşitmese, onda ol güň bolar.

Käbir adamlar özgeleriň ünsüni özüne çekdirjek bolup köp gürleýärler we munuň bilen adaty adamyň golundan hiç zat gelmeýän ýaly bolup görünýäler. Adamlar bilen gürleşeniňizde gysga we syrly gürleşmek bilen, siz olarda uly täsir galdyrmagyňyz mümkin. Eger uly abraýly adamlaryň münbere çykyp sözlän sözüne ähmiýet bersek, olar gysga we jümläni ahyryna çenli aýtmaýan ýaly.

«Men az gürläp, köp zady gazanmagyň mümkindigine düşündim».

Bu meşhur amerikan suratkeşi, dizaýner Enri Warhalyň sözleri. Ol şu jümläni özüne ýörelge edindi: «Adamlara näçe köp gürläp, nämedir bir zady ündeseňiz, olar şonça-da uzaklaşýarlar we size ynanmazlar». Enri Warhal bütin ömrüniň dowamynda şu usuldan üstünlikli peýdalandy.

Žurnalistlere beren interwýularynda şeýle bir syrly gürlärdi, muňa düşünmek üçin žurnalistlere ýene-de sowal bermäge mejbur bolardylar. Fransuz karoly Lýudowik XIV hem köp gürrüňi halamandyr. Ol şeýle diýerdi: «Fransiýa — bu men!» Ýaşlygynda ol juda köp gürlär ekeni, emma ulalansoň az sözlüligiň güýçlüdigini bilipdir. Ol mydama az gürleýän adamy deňagramlylykdan çykarmak kyn diýen söze uýupdyr. Hiç kime bu karoly aldamak başartmandyr. Karol şeýle çynlakaý hem öz sözli eken.

Meýlis SÄHETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu