Žurnalistiň sahypasy

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty: dünýa bazaryna ýol

09-12-2021 / 13

Häzirki wagtda ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Muny Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurlup ulanylmaga berilmeginde hem görmek bolýar.

«Ýaşyl port»

Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär, giň gerimli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak üçin her bir terminalda bioarassalaýjy enjamlar oturdyldy. Umuman, taslama tutuşlygyna «Ýaşyl port» halkara ölçeglerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Täze deňiz portunyň gurluşygynyň barşynda gazylyp çykarylan toprak Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky deňiz aýlagynda meýdany 170 gektar bolan emeli adany döretmek üçin ulanyldy. Ýokary tehnologiýaly önümçiligiň guralmagyna hut şeýle ekologik çemeleşmä bilermen ekologlaryň halkara bileleşigi tarapyndan nusgalyk hökmünde baha berildi. Halkara deňiz portunyň ýakynyndaky emeli adada guşlar üçin ýörite gonalganyň döredilmegi ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazar deňziniň daşky gurşawynyň howpsuzlygynyň goraglylygyny artdyrýar.

Mümkinçilikler nähili?

Portuň gurluşygy bilen birlikde Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda onuň işgärlerini taýýarlamak we operatorlary, degişli hünärmenleri okatmak boýunça birnäçe işler amala aşyryldy. Türkmenbaşydaky deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri gözöňünde tutuldy. Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda iki gämi birbada ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge ukyplydyr.

Port nähili dolandyrylýar?

Bu deňiz portunda işiň agramly bölegi awtomatik usulda alnyp barylýar. Şonuň üçin «Terminaly dolandyrmak ulgamy» programmasy ulanylýar. Bu ulgam tutuş portuň işini merkezleşdirilen maglumat öýjügine toplaýar. Bu programma şu güne çenli el bilen edilen işleriň gaty köpüsini amala aşyrmagy öz üstüne alýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda şu programmanyň ornaşdyrylmagy netijesinde, biz, aýdaly, Azerbaýjandan gaýdyp, heniz Türkmenbaşa gelmedik gämidäki ýükleriň Türkmenistana degişlidigini ýa-da üstaşyr geçirilmegi ýükdügini anyklap bilýäris. Ol ýükleriň nämedigi, eýeleri hakyndaky maglumatlar bize gelýär. Bu bolsa öz gezeginde işlerimizi has basym amala aşyrmaga ýardam edýär. Ýükleriň haýsy kompaniýanyň ýa-da haýsy telekeçiniň ýüküdiginden habarly bolanymyz üçin gämiler heniz porta girmezinden ozal biz şol gämilerdäki ýükleri düşürmekde zerur bolan ýük göterijileri, ýükleriň eýeleriniň awtoulaglaryny niýetlenen ýerlerine taýýarlap bilýäris. Bu programma portuň girelgesinden çykalgasyna çenli edilýän ähli gymyldy-hereketleri hasapda saklaýar. Eger merkezden haýsydyr bir awtoulagy porta salmaga rugsat berilen bolsa, şol awtoulaglar portuň girelgesiniň agzyna gelen wagty programma onuň kysmyndan, reňkinden, döwlet belgisinden tanap, derwezäni awtomatik esasda açýar. Çykanda hem edil şonuň ýaly hereketleri amala aşyrýar. Elbetde, täze port «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylaryň, ozaly bilen, goňşy Hazarýaka döwletlerden gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna ýardam eder.

Kerim BAÝGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu