Žurnalistiň sahypasy

Senagatyň sanly ulgama geçmegi haýsy meseleleri öz içine alýar?

09-12-2021 / 19

Häzirki wagtda senagat kärhanalaryny sanlaşdyrmak zerurlygynyň ýüze çykandygynyň sebäbi iri pudaklarda ulanylýan uly göwrümli maglumatlary gaýtadan işlemek meselesi diňe hasaplaýjy maşynlaryň kömegi bilen çözülip bolýar. Döwrebap tehnologiýaly hasaplaýjy maşynlar diňe bir awtomatiki işi ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, kärhananyň dürli ugurlarynda biri-biri bilen aragatnaşyk saklamaga hem mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, diňe bir önümçiligiň aýry-aýry tapgyrlaryny awtomatlaşdyrmak barada däl, eýsem, önümçilige sanly tehnologiýalary girizmek bilen ykdysady we guramaçylyk işlerini hem öz içine alýar. Täze çemeleşme, müşderileriň isleglerine baglylykda has çalt çözgüt bermegini we prosesleriň üýtgemegini üpjün edýär.

Kärhanany sanly görnüşe geçirmek üçin önümi ösdürmekden, logistika we hyzmatlara çenli umumy amallary başdanaýak birleşdirmek zerur. Şeýle hem bir guramanyň çäginden has uzakda ýerleşen kärhananyň özi, hyzmatdaşlary, üpjün edijileri we müşderileri öz içine alýan integrasiýa zerurlygy bardyr. Häzirki zaman dürli tehnologiýalaryny ulanyp, sanly üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin degişli sanly platforma esaslanmaly. Sanly platforma — bu maglumat meýdanyny dolandyrmak üçin tehnologiki taýdan ýeke-täk awtomatlaşdyrylan ulgama birleşdirilen sanly maglumatlaryň, modelleriň we gurallaryň toplumydyr. Her bir sanly platformanyň ulgamyna çeşmeler we komponentler, sarp edijiler, hyzmatlar we amallar bilen üpjün edijileri goşmak arkaly sanly kärhananyň ekoulgamy döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, amaly prosesler, hil dolandyrylyşy we amaly meýilnamalaşdyrylyşy baradaky ähli maglumatlaryň guramanyň integrirlenen ulgamynda islendik wagtda elýeterli bolmagy möhümdir.

Jeren AGAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu