Bu sowala jogap hökmünde amerikan şahyry Robert Frost öz çuňňur filosofiýasyny beýan edýär.
Nirede ýaşaýyş bar bolsa, şol ýerde poeziýa-da bardyr.
* * *
Goşgy şahyryň özboluşlylygynyň has doly beýan edilmesidir.
* * *
Şowly goşgy. Söz bilen, kyssa bilen aýdylandan has köp duýup bolýan bolsa, ol hakyky goşgudyr. Goşgynyň üstünliginiň ölçegi şeýle.
* * *
Her bir goşgy meniň üçin nämedir bir zady çözýär.
* * *
Goşgynyň ýatda galmagy üçin, onuň içini dartgynly dramatizmden doldurmaly.
* * *
Poeziýa bilen kyssanyň parhy: kyssa anyk aýdýar, poeziýa — aňýar.
* * *
Bleýk: «Söýgi hakda öňünden aýdyberseň, ol ýitip gidýär» diýip, örän aýdyň aýdypdyr. Goşgular toslanman ýazylanda, olarda terlik, tämizlik duýulýar.
* * *
Gowy goşgular hiç haçan güýçli aňyň güýji hem zor bilen ýazylmaýar. Gowy goşgular şahyryň pikire batyp dymmaga gaýratynyň ýok halaty joşgun duýgularyň möwjünden döreýär.
* * *
Ýaş poeziýa — ýarym açyk lebleriň arasyndan çykýan mübärek dem. Kim şol näzikligiň kemala gelmegini islese, ol işe berk ýapyşmaly, emma gazaply bolmaly däl.