Saýtymyzyň hormatly okyjylary! Elwan öýmeleriň- “3 dogan öýmeleri” dükanynyň bezegi, gelin-gyzlaryň ýakyn maslahatçysy, iň ýaş öýmeçi -Medine TÜRKMENgazet internet sahypamyza öz alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.
– Salam, Medine, ilki bilen sizi ýetip gelýän mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýarys. Goý, siziň we maşgalaňyzyň jany sag bolsun. Berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!
Medine, söhbetimiziň başynda “3 dogan öýmeler” söwda nokadynyň açylyş taryhy barada gürrüň edäýeliň.
– “3 dogan öýmeler” söwda nokadynyň açylanyna 10 ýyl boldy. Ýöne meniň ejem Annasoltan Ataýewa ozaldan söwdagär bolup, eýýäm 25 ýyldan bäri telekeçilik bilen meşgullanýar we öýme satýar. Soňra ejem öýmelere ýöriteleşen aýratyn söwda nokadyny açmagy makul bildi. Şeýlelikde “3 dogan öýmeler” döredi .
– Söwda nokadyňyzyň adyna “3 dogan öýmeler” diýip dakmagyňyzyň sebäbi näme?
– Munda hem, elbetde, aýratyn many bar. Bilşimiz ýaly, her bir eje öz balalaryna guwanýar, buýsanýar. Meniň käbäm ejem öz uly başlangyjynyň, işiniň ady hökmünde bu ady saýlamagynda hem öz balalaryny göz öňüne tutýar. Biziň özümiz maşgalada üç dogan, ýagny iň ulymyz Gunça, soň Muhammet we men – Medine. Biz üç dogan bolup ejemize ýardam edýäris we hemişe-de goldap, onuň işini dowam edýäris.
– Esasy maksatlaryňyz.
– Häzirki wagtda biziň iň esasy maksadymyz – milli egin eşiklerimizi, esasan hem ene-mamalarymyzdan bize miras galan nepis öýmelerimizi has-da ýokary derejelere çykaryp, kämilleşdirip, gözel gelin-gyzlarymyza olary hödürlemek bolup durýar. Biz halallyk we nepislik bilen işleýäris. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlardan dürli milletler hem bizden yzygiderli söwda edýärler. Owganystan, Türkiýe, Gazagystan, Dubaý ýaly döwletlerden biziň müşderilerimiz bar. Olar türkmeniň esasy milli lybasy bolan öýmelere uly gyzyklanma bildirip, ony bizden almagy makul bilýärler. Şeýlelikde, biziň türkmen lybaslarymyz, milliligimiz dünýäniň çar künjegine ýaýraýar. Türkmen gelin-gyzlarymyza we beýleki milletlere, türkmeniň gadymdan gelýän lybaslaryny ýokary hilde hödürlemek bilen biz öz işimizden lezzet alýarys we hemişe-de kämilleşmegiň gözleginde bolýarys.
– Görşümiz ýaly, bu gün siziň söwda nokadyňyzda uly baýramçylyk dowam edýär. Muňa ýurdumyzyň uly we tanymal estrada ýyldyzlary, artistler we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller hem gatnaşýarlar. Beýle çäräniň geçirilmeginiň sebäbi barada hem saýtymyzyň okyjylaryna aýdyp beräýseňiz.
– Hawa, biz her baýramçylyklarda, meselem, Halkara zenanlar gününde, Gurban baýramynda we her doglan günlerde dükanymyzda arzanlaşyk günlerini dabaraly ýagdaýda geçirýäris. Bu baýramçylyga islendik müşderilerimiz gelip gatnaşýarlar, söwda edýärler, wagtlaryny gyzykly we ýatdagalyjy edip geçirýärler. Bilşimiz ýaly, gelin-gyzlarymyzyň Gurban baýramynda täze lybaslar geýmegi eýýäm däbe öwrüldi. Hut şol däbi göz öňünde tutup hem, biz Gurban baýramyna giňden taýýarlyk görülýän günlerde bu arzanlaşygy geçirmegi makul bildik. Owadan gelin-gyzlar biziň owadan öýmelerimizi, matalarymyzy geýip, Gurban baýramyny has-da bezärler diýip umyt edýäris.
– Siziň söwda nokatlaryňyzyň ýerleşýän ýerleri barada hem aýdyp beräýiň.
– Biziň esasy söwda nokadymyz Taslama köçesinde ýerleşýär. Ýöne biz öz harytlarymyzy ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki dükanlara ýaýradyp halkymyza hödürleýäris.
– Söwda nokadyňyzda öýmeleriň haýsy görnüşleri bar?
– Birnäçe görnüşli öýmeler bar. Olardan esasan hoz gülli, saýlan gülli, kädi gülli, ýürek gülli, gurçuk gülli öýmeleri mysal getirmek bolar.
– Haýsy reňkdäki we görnüşdäki öýmeler häzirki wagtda has arzyly bolup durýar?
– Diňe bir häzirki wagtda däl, eýsem, hemişe-de öýmeleriň sary reňkli görnüşleri has köp isleg bildirilýän görnüş bolmagynda galýar. Esasan, has köp isleg bildirilýän güller bolsa, gurçuk gülli we ýürek gülli öýmelerdir. Ýöne elbetde, her kimiň öz aýratyn islegi we talaby bolýar. Biz hem her bir müşderä aýratynlykda bu meselede kömek edýäris. Esasan hem, ýaş gyzlar durmuşa çykjak bolanlarynda, öz bukjalaryny bezemek üçin bizden maslahat soraýarlar. Elbetde, bu babatda känbir tejribesi bolmadyk gyzlara biziň kömegimiz zerur bolup durýar.
– Öýmeleriňizi eltip bermek hyzmaty-da barmy?
– Bizde eltip bermek hyzmaty ähli welaýatlarda bar. Ýagny, müşderilerimiz Türkmenistanyň islendik künjeginden biziň öýmelerimizi sargap bilerler.
– Sag boluň, Medine beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin, size işiňizde we durmuşyňyzda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Gurban baýramyňyz hem gutly, mübärek bolsun!
– Sag boluň! Size-de ähli gowulyklary arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, telekeçiligi ösdürmek üçin aladalar edýän, ony hemmetaraplaýyn goldaýan Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe-de rowaç alsyn! Külli türkmen halkynyň mukaddes Gurban baýramy gutly-mübärek bolsun! Ähli berjek sadakalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun!
Söhbetdeş bolan: Mähriban Hudaýgulyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.