
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisinde ýaşlaryň sesi belentden ýaňlanýar. “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem döwrümiziň waspyny ýaýlyma berýän aýdym-sazlarynda, gepleşiklerinde, çeper filmlerinde döredijilikli wasp edýär. Şeýle gepleşikleri halkymyza ýetirmekde “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň işgäri Kakajan Muraýew hem mynasyp goşandyny goşýar. Biz hem Kakajanyň türkmen medeniýeti, sungaty dogrusynda söhbet açýan “Owazly ýaşlar” gepleşigi baradaky gyzykly söhbetdeşligi “Turkmengazet.com” saýtynyň üsti bilen okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Kakajan, ilki bilen, söhbetdeşligimizi “Türkmen owazy” teleýaýlymynda ýazga geçirilip, tomaşaçylara ýetirilýän “Owazly ýaşlar” gepleşiginiň maksady barada gürrüň beräýseňiz?!
— Biziň bu gepleşigi döretmek bilen maksadymyz, mümkinçiligimiziň boldugyndan, ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek, ýaşlygyna garamazdan, olaryň ýeten sepgitlerini halkymyz bilen paýlaşyp, sungat we medeniýet ugruny ýanhemra edinen ýaşlar bilen ýakyndan tanyşmak bolup durýar.
Gepleşigiň adyny goýmakda ylham alan çeşmäňiz…
— Eseriň ady onuň düýp özeni bolup, gepleşigiň dowamynda edilmeli gürrüňler, gepleşigiň maksady gysga jümläniň içine siňdirilip, şol esere at diýip goýulýar. Bu gepleşigiň ady ilki “Ýaş zehinleriň owazy” bolmalydy. Soň redaktor we beýleki kärdeşlerim bilen maslahatlaşyp, gepleşige “Owazly ýaşlar” diýen at bermeli diýen karara geldik. “Owazly ýaşlar” gepleşiginiň ylham çeşmesi üstünliklere beslenen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary.
“Owazly Ýaşlar” gepleşigine gatnaşýan ýaşlar barada…
— Gepleşigimiziň adyndan belli bolşy ýaly, “Owazly ýaşlar” gepleşigine 17 — 34 ýaş aralygyndaky zehinlerimiz gatnaşyp bilýärler. Bu gepleşikde ýaşlarymyz meşgullanýan, gyzyklanýan sungat görnüşi boýunça ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler we gepleşik tarapyndan berlen sowallara jogap berýärler.
Gepleşikde ulanýan sowallaryňyzy nähili taýýarlaýarsyňyz?
— Aslynda, gepleşik ýurdumyzyň dürli künjeginde okaýan, zähmet çekýän, sungat ugry bilen meşgullanýan ýaşlaryň durmuşy, sungat ýoly, şol sungat ýolundaky aýratynlyklary esasynda taýýarlanylýar. Mundan başga-da, biziň sanly ulgam arkaly halkymyz bilen baglaýan 0519 gysga belgimiziň üsti bilen ildeşlerimizden gelýän sowallar arkaly hem gepleşige gatnaşyjy ýaşlarymyza ýüzlenip bilýäris. Ildeşlerimizden gelýän sowallar döredijilik toparymyz tarapyndan seljerilip, gepleşigiň dowamynda maňa ýetirýärler.
Gepleşige ýardam berýän we saýtymyzyň üsti bilen sagbolsun aýtmak isleýän ynsanlaryňyz…
— Ilki bilen, biz — ýaşlara ähli ugurlarda öz ukyp-başarnygymyzy mawy ekranyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredijilik toparymyzyň, ähli ýaşlaryň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Şeýle hem meni dünýä getiren mähriban käbäme minnetdarlyk bildiresim gelýär. Çünki ejem meniň her bir edýän işime guwanyp, her gepleşigime teleýaýlym arkaly seredip buýsanýar. Bu bolsa meniň döredijilik ýolumda netijeli zähmet çekmegime, täzeçillikleri döretmegime mümkinçilik berýär.
Gepleşigiň ýazga geçirilip ýaýlyma gitmeginde 10-dan gowrak adam zähmet çekýär. Sözümiň şu ýerinde öz kärdeşlerime — redaktor Maral Kakabaýewa, ses operatorlara, yşyk beriji, tehniki işgärlerine, operatorlara, grim işgärlerine, ses we şekil kebşirleýjilerine köp sagbolsunlarymy aýdýaryn.
Taýýarlan: Şaperi OTUZOWA,
žurnalist.