Mälim bolşy ýaly, 28 — 30-njy noýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Bu gezekki gözden geçirilişe gatnaşyjylar diňe bir oba hojalyk pudagynda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezdiler. Şolaryň arasynda maýyşgak gaplamalary öndürmekde ýurdumyzda meşhurlyk gazanan «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň hem bardygyny bellemek gerek. Biz serginiň çäklerinde hojalyk jemgyýetine wekilçilik eden marketolog Wepa NURLYÝEW bilen guralan söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.
— Wepa, ilki bilen, hojalyk jemgyýetiňiziň ösüş taryhy barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?!
— «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti azyk we azyk däl önümleriniň maýyşgak gaplamalaryny (rotagrawýura) çuňňur çap etmek usulynda öndürýär. Bu kärhana ýurdumyzda azyk harytlarynyň maýyşgak gaplamalaryny öndürýän ilkinji we ýeke-täk kärhanadyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti öz işine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlaýar we onuň ilkinji hyzmatdaşlary «Tomus», «Kirpi», «Salkyn» kärhanalarydyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti ilki bary-ýogy 20 — 30 sany dizaýny bilen işe girişýär. Gysga wagtyň içinde önümleri bilen telekeçileriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Häzirki wagtda 70-den gowrak telekeçiniň buýurmalaryny ýerine ýetirýän bu kärhana bu günki gün 450 — 500-den gowrak dizaýn işlerini özünde jemleýär.
— Näme üçin «Ýedidogan Nur»?!
— Sebäbi kärhananyň direktory Nurmuhammet Abdyrasulowyň ýedi ogly bar. «Nur» sözi bolsa Nurmuhammet aganyň adynyň birinji bölegi.
— Önümçilik ugurlaryňyz barada-da aýdaýsaňyz?!
—«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti azyk önümlerinden süýji-köke, keks, çörek we çörek önümleri, kofe, tüwi, ýarma, patrak, çigit, üwelen we däneli burç ýaly önümler üçin çuňňur çap etmek usulynda gaplamalary öndürýär. Kärhanada azyk önümleriniň gaplamalary bilen bir hatarda miwe we gazly suwlaryň etiketkasy hem öndürilýär. Häzirki wagtda «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti «Ak ýol», «Akar», «Goşa çynar», «Safi», «Sina» ýaly haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.
Kärhanada azyk däl önümlerden sabyn, kir ýuwujy serişde, çygly süpürgiç we oba hojalyk dökünleri ýaly önümler üçin hem gaplamalar taýýarlanylýar.
— Wepa, müşderiler islendik harydyň, ilkinji nobatda, daşky görnüşine has köp üns berýärler…
— Elbetde. Bu diňe bir müşderileriň däl, eýsem, häzirki zamanyň hem talaby. Müşderilerden buýurmalar kabul edilenden soňra, ilkinji iş onuň dizaýnydyr. Eger müşderiniň öz taýýar dizaýny bar bolsa, şol dizaýn esasynda çap etmek usulyna girişilýär. Saýlanylan dizaýn esasynda her görnüş üçin aýratyn grawýura ýasalýar. Çap bolan gaplamalar niýetlenilen önümine görä gatlanylýar. Müşderiler, esasan, kofe önümleriniň gaplamalary we kafe, restoranlara niýetlenilen 3 gatly süpürgiçlere köp isleg bildirýärler.
— Daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk saklaýaňyzmy?
—Hojalyk jemgyýeti gaplamalaryň hilini barha gowulandyrmak üçin düýpli işleri alyp barýar, dünýäniň iň ökde inženerleri we tehnologlary bilen işewür gatnaşyklary saklaýar. Häzirki wagtda hem türkiýeli inžener Nadir Çelik «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
P.S: «Halka nähili hyzmaty hödürlemeli?» diýen sowalyň daşynda kän oýlanan, maksadyny aýdyňlaşdyrybam, dünýä tejribesi bilen aýakdaş gidip, ýokary hilli işleri durmuşa geçiren «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine bu günki gün ösen islegli müşderileriň gyzyklanmasy uly. Sebäbi bu önümlerde döwrüň we müşderileriň ähli islegleri göz öňünde tutulan: hil ýokary, baha amatly, göze gelüwli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply…
«TürkmenGazet».