SliderSöhbetdeşlik

Latifa Döwletgeldiýewa: “Kuraş — gujur-gaýratyň sporty”

söhbetdeşlik

08-12-2023 / 16

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň noýabr aýynyň 23 — 28-i aralygy ýurdumyzda uly sport baýramçylygy boldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde sportuň kuraş görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. XIV gezek geçirilen bu dünýä çempionaty sport dünýäsini üstünliklere besledi we ýaş türgenleriň birnäçesiniň gaýratly gollarynyň has-da kuwwatyny artdyrdy. Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyz 15 medalyň eýesi boldy.

Kuraş sporty bilen meşgullanmak, kuraş sportuny ýaş türgenleriň arasynda ornaşdyrmak, bu ugurdan ýaş türgenleri ýüze çykarmak uly zähmeti talap edýär. Şeýle haýyrly işleri özlerine ýanhemra edinen tälimçiler ýurdumyzda bu asylly käri dowam etdirýärler. Şolaryň biri-de Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Latifa Döwletgeldiýewa.

— Latifa, ilki bilen, söhbetdeşligimizi ýurdumyzda ýaş tälimçilere we türgenlere döredilýän mümkinçiliklerden başlaýaly.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen sportunyň abraýy günsaýyn belende galýar. Islendik sport görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilýär. Täze sport desgalary, okuw binalary, mekdepleriň sanynyň köpeldilmegi, durkunyň täzelenmegi häzirki döwrüň ýaşlaryndan başlap, ýaşuly nesillerimiziň bedenterbiýe hereketleri we sport görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna şert döredýär.

— Ýaş türgenlere tälim bermekde nämeden lezzet alýarsyňyz?

— Ýaşlar gaty höwesjeň. Bir emel öwredýän welin derrew şony gaýtalap görkezýärler. Sorag berip düşünmedik ýerini gyzyklanýarlar, öwrenýärler. — Ýaryşa gatnaşmaly Sizem ýeňiş gazanmaly, şeýdibem ata-eneňizi, bütin halkymyzy begendirmeli — diýsem has-da höwesli bolup, öwreden sapaklarymdan daşary özlerem gyzyklanyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp maglumat ýygnaýarlar. Biri-birleri bilen göreşip, biri-birinden emel öwrenip kuraş sportyny ele almakda yhlasly hereket edýärler. Bu bolsa tälimçi hökmünde meni has-da buýsandyrýar we işime bolan höwesimi artdyrýar. Men türgenleriň maksadaokgunly, erjel, tutanýerli häsiýetlerinden lezzet alýaryn.

— Kuraş sportunyň taryhy barada söhbetimizi dowam etsek.

— Kuraş sportunyň dörän ýeri Özbegistan döwleti. Özbek milleti sportuň bu görnüşi arkaly türgenleriň gaýratyny, güýç-kuwwatyny görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedigi barada belleýärler. Birnäçe ýyllardan bäri bolsa bu sport görnüşi dünýä ýüzüniň ýüzlerçe ýurtlarynyň sport dünýäsinde hereket edýär we türgenleşik geçirilýär. 1998-nji ýylda Kuraş assasasiýasy döredilýär. Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde geçirilýär.

— Kuraş sportunyň beýleki sport görnüşlerinden aýratynlyklary.

— Her bir sport görnüşiniň ýaryşda ulanylýan tilsimleri, emelleri bar. Kuraş sporty özüniň emelleri, ýaryş wagtyndaky ýerine ýetirmeli kadalary, egin-eşik babatynda hem beýleki sport görnüşlerinden tapawutlanýar. Kuraş sportynda bilden ýokary bilen göreşilýär. Aýakdan tutmak bolmaýar. Uly ýaşly türgenlere 4 minut, kiçi ýaşly türgenlere 2 minut wagt berilýär. Göreşilip durka türgenler başga emel etse ýa-da gürlese şol türgene duýduryş berilýär.

— Milli göreş bilen kuraş sportunyň meňzeş taraplary.

— Milli göreş bilen Kuraş sportunyň meňzeş taraplary az däl. Milli göreş türkmen halkynyň millilik düşünjelerine daýanyşy ýaly, kuraş sporty hem goňşy döwletimiz özbek doganlarymyzyň milliligi esasynda aňladylýar. Kuraşda hem edil milli göreşdäki ýaly ilkinji kimiň arkasy ýere degse ýeňildi, garşydaşy bolsa ýeňdi hasap edilýär. Mundan başga-da emelleriniň käbirleriniň ulanylmagynda hem meňzeşlik bar.

— Kuraş sportunda esasy üns bermeli zat.

— Sportuň ähli görnüşleri türgende maksadaokgunly, ynamly, güýç-gaýratly, zähmetsöýerlik häsiýetlerini terbiýeleýär. Kuraş sporty hem bu häsiýetlerden daşda durmaýar. Tutluşyga çykan türgen düşege ýeňiş gazanmak maksady bilen herekete geçýär. Şonuň üçin kuraş sportynda garşydaşyňy öwrenip, kuraş sportunyň kadalaryna eýerip, tälimçiniň öwredenlerini amal ýüzünde ýerine ýetirmek, janköýerlerden gelýän goldawlara aljyramazdan mynasyp jogap bermek ýaly häsiýetlere üns bermeli.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,
Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu