ŞAHSY MAGLUMATLAR:
Doglan ýeri, wagty: Mary welaýaty, 1996ý.
Tamamlan orta mekdebi: Aşgabat şäherindäki Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internaty.
Bilimi: ýokary.
Döwür ýaşlara ýol berýär. Şonuň üçin hem bu döwürde ähli ýaşlar gujuryny artdyryp, kuwwatyny köpeldip, ylhamyny durlap, diňe öňe barýarlar. Şeýle ýaşlaryň biri hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kadyrberdi Geldimyradow.
— Kadyrberdi, ilki bilen, söhbetdeşligimizi ýurdumyzda ýaşlara goýulýan sarpadan başlasak!
— Elbetde, halkymyzda «Ulyny sylamak, kiçini söýmek» adaty bar. Bu ýörelge häzirki döwürde hem öz milli derejesini berk saklaýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ähli ýaşdaky raýatlar hakdaky aladalar sazlaşykly durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler hem bizi buýsandyrýar. Hünär öwrenmäge, işlemäge, döretmäge gönükdirilen mümkinçilikler ýurduň islendik künjeginde ýaşlar üçin elýeterli. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bolsa şular dogrusynda has anyk we giňişleýin düşünmäge pursat berýär.
— Esasy kesbiňizden daşary ekran eserlerinde surata düşmek, şahyrana çykyşlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýaňyz. Şular hakynda nämeler aýdyp bilersiňiz?!
— Ýetginjek döwürlemden bärem sungatyň muşdagy. Talyplyk ýyllarynda bolsa döredijilige has ýakyn bolmaga mümkinçilikler artdy. Pursatdan peýdalanyp, okuwym bilen utgaşykly teleýaýlymlar üçin interwýu bermäge, «Aşgabat» teleýaýlymynda gepleşikleri alyp barmaga, «Miras» teleradioýaýlymynda aýratyn çykyş etmäge çemeleşdim. Soňra harby gulluga çagyrylmak bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem harby döredijilik, hem aýdym-saz sungaty boýunça meşgullanmaga şert döredi. Şol döwürde hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli film taýýarlamagy maksat edinen serkerde režissýorymyzyň ynamy bilen «Atly gerçek» atly telefilmde baş keşpde surata düşdüm. Tomaşaçylaryň aýdyşyna görä, olam şowly çykypdyr.
— Şular bilen bagly häzirki wagtda nähili çykyşlary ýerine ýetirýäňiz?!
— Ýakynda Täze ýyl baýramy mynasybetli gysga göwrümli şahyrana kompozisiýa bilen teleýaýlymda çykyş etdik. Yzysüre-de ýylymyzyň şygaryna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap edebi görnüşde goşgy okap ýaýlyma hödürledik. Hut häzirem şu başlangyjyň üstüni ýetirmegiň aladasynda. Şeýle hem mahabat häsiýetli wideo görnüşlere ses bermek, audio goşgulary taýýarlamak boýunça meşgullanmalarymy yzygiderli dowam edýärin we ösdürmäge çalyşýaryn.
— Ýaşlyk ykbalyňyzda ýazylan ýatdan çykmajak pursatlardanam ýatlasaňyz…
— Aslynda, hiç zady ýatdan çykaramok. Esasylaryny bellemeli bolsa, esger wagtymda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen ada mynasyp bolmagym, Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň, halkymyzyň öňünde belent münberde çykyş etmegim, galyberse-de, maşgalam bilen geçirýän gyzykly pursatlarym meniň hakydama berk ýazylan pursatlardyr.
— Maksatlaryňyz, arzuwlaryňyz babatda-da belleseňiz?!
— Şu ýylda Magtymguly atamyzyň goşgularyny okap, mähriban halkymyz bilen paýlaşmagy maksat edinýärin. Ýurdumyzyň abatlygyny, döwrümiziň baky rahatlygyny, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleriniň rowaçlygyny, öý-ojaklarda çaga gülküleriniň ýaňlanmagyny arzuw edýärin.
— Söhbedimizi gysga sowallar bilen dowam etsek…
— Baş üstüne!
— Haýsy pasly halaýaňyz?!
— Güýz.
— Köp iýýän tagamyňyz?!
— Palaw
— Sport bilen araňyz?!
— Arassa howada ýöriş.
— Başga meşgullanýan zatlaryňyz?!
— Toý-dabaralaryny alyp barýan.
— Gyzyklanmalaryňyz?!
— Telekeçilik işi, hyzmatlaryň ýörelgeleri
— Halaýan güýmenjäňiz?!
— Kitap okamak.
— Reňk saýlamaly bolsa…
— Ak.
«TürkmenGazet».