Žurnalistiň sahypasy

Hyzmatdaşymyz: Gyrgyz žurnalistikasy nähili alnyp barylýar

01-07-2021 / 12

Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme döwletleri bilen hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şolaryň biri hem Gyrgyz Respublikasydyr. Ýakynda Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýurdumyzda resmi sapary boldy. Biz hem dostlukly ýurduň žurnalistikasy barada gyzyklanyp, içgin öwrenmegi makul bildik. Gyrgyzystan Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taryhyna ser salsak, “Erkin too” (Erkin daglar) atly ilkinji gyrgyz gazeti 1924-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşkentde çapdan çykýar. Ol gyrgyz milli žurnalistikasynyň esasyny goýýar. 1924-nji ýylda “Sowettik Kyrgystan”, 1925-nji ýylda “Sowetiskaýa Kirgiziýa”, 1926-njy ýylda “Leninçi jaz” neşirleri, 1926-njy ýylda ,,Kommunist” žurnaly çap edilýär.

1931-nji ýylda Frunzede ilkinji radio gepleşikler ýaýlyma çykarylýar. 1958-nji ýyldan Frunzanyň telemerkezi işläp başlaýar. 1936-njy ýyldan Gyrgyzystanyň telegraf agentligi (KirTas) öz işine başlaýar.

1971-nji ýyllara çenli 16 sany gyrgyz dilinde, 30 sany rus dilinde žurnallar neşir edilipdir. Olara “Kyrgyzstandyk  aýyw çartasy” (“Gyrgyzystanyň  hojalygy”), “Ala-too” (“Garly daglar”), “Den sooluk” (“Saglyk”), “Literaturny Kirgizstan”, “Zdrawoohraneniýe Kirgizi” we başga-da birnäçe žurnallar degişli.

1974-nji ýylda “Вечерний Фрунзе” (“Agşamky Frunze”) şäher gazeti, 1977-nji ýylda “Baýçeçekeý” diýen çagalar žurnaly neşir edilýär. Şol döwürlerde “Народное просвещение”, “В помощь учительям”, “Новинки науки и техники”, “Екран” we beýleki žurnallar çap edilýär.

Ýurtda esasan rus we gyrgyz dillerinde gazetler we žurnallar neşir edilip, olardan “Slowa Kyrgyzystana” (Gyrgyzystanyň sözi), “Weçerniý Bişkek” (“Agşamky Bişkek”), “Obşestwennyý reýting” (“Jemgyýet reýtingi”), “Delo…”(“Iş…”) rus dilindäki, “Kyrgyz tuusu”, “Asaba”, “Agym”, “Aalaam”, “Erkin Too”, “Zaman Kyrgyzystan”, “Kut Bilim” gyrgyz dilindäki neşirlerdir.

Şeýle hem Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa sebitlerinde  meşhur bolan “Rossiýskaýa gazeta”, “Moskowskiý komsomoles”, “A i F”, (Argumentler we faktlar), “Komsomolskaýa prawda” ýaly sebit gazetleri çap edilýär. Olaryň arasynda esasan-da, “Çuýskiýe izwestiýa” (Çuý täzelikleri), “Eho Oşa” (“Oşyň ýaňy”), “Westi Yssyk-Kulýa” (“Yssyk-Külüň habarlary”) neşirler meşhur hasaplanýar.

Gyrgyz neşirleriniň arasynda “Çalkan” žurnalyna esasy orun degişlidir. “Çalkan” her aýda çykýan häzirkizaman  gyrgyz  satirik žurnaly 1955-nji ýylyň maýyndan bäri gyrgyz dilinde neşir edilip başlanýar. 8-12 sahypadan ybarat bolup, ilkinji ýyllarynda  tiražy 20 müň ekzemplýar, soňraky  döwürlerde (1963ýý.) 53 500 ekzemplýara baryp ýetýär. “Çalkan” – gyrgyz halkynyň ilkinji satiriki žurnalydyr. Žurnalyň ilkinji dörän günlerinde  onuň başynda  gyrgyz edebiýatçylarynyň biri – A.Tokombaýew durupdyr.  Ol 30-njy ýyllarda  gyrgyz edebiýatynda satiranyň syýasy  žanrynyň bolmagy üçin köp işler bitiripdir.

“Kyrgyz tuusu” resmi döwlet gazeti hem gyrgyz neşirleriniň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Neşir hepdede iki gezek,  tiražy 20 000 ekzemplýar bolup çykýar. 1975-nji ýylda onuň tiražy 120 müň ekzemplýara ýetipdir. Gazetiň ilkinji sany “Erkin Too” (“Erkin daglar”) ady bilen 1924-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşkentde çykýar. 1925-nji ýylyň tomsyndan başlap Bişkekde neşir edilip başlanýar. 1927-nji ýylyň 20-nji awgustynda ol “Gyzyl Gyrgyzystan”, 1956-njy ýylda “Sowet Gyrgyzystany” diýlip üýtgedilýär. 1991-nji ýylda bolsa oňa häzirki ady berilýär.

“Hueýmin bo” – dungan dilinde Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde neşir edilýän syýasy-jemgyýetçilik gazeti bolup, aýda bir gezek neşir edilýär. Tiražy 3 müň ekzemplýar. 1970-nji ýyllarda gazet hepdede 2 gezek çykypdyr.1932-nji ýylda gazet “Dun Huäşir” (“Gündogaryň uçguny”) ady bilen neşir edilip başlanypdyr. 1939-njy ýylda neşir ýapylýar, ýöne 1957-nji ýylda “Sulýan hueýzu bo” ady bilen gaýtadan dikeldilýär. 1990-njy ýyllarda gazetiň ady ,,Hueýmin bo” diýlip üýtgedilýär. Gazet redaksiýasynda uzak wagtlap dungan ýazyjysy Ýasyr Şiwaza işläpdir.

Häzirki wagtda hem Gyrgyz metbugat neşirleriniň sany diýseň köp. Tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen metbugat neşirleriniň işi has-da kämilleşýär. Internet žurnalistikasy giň gerim bilen ösdürilýär. Ýurtda bolup geçýän jemgyýetçilik syýasy wakalar barada maglumatlary resmi we hususy internet sahypalaryndan çalt we elýeterli gönüşde almak mümkinçiligi döredildi.

 

 

Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu