Sagdyn durmuş

Hoşboý ysly Lawr ýapragynyň peýdalary

17-06-2021 / 96

Ýakymly ysy bilen giňden tanalýan lawr ýapragy ilkibaşda Kiçi Aziýadan gözbaş alyp, soňra Orta Aziýa ýaýraýar. Lawr agajynyň boýy 10 metre çenli bolup, ýazyň başynda gülleýär. Gülleri sary ýa-da ýaşyl, miwesi goýy ýaşyl we gyrmyzy reňkde bolýar. Ýapraklary ellips, ýalpyldawuk, goýy ýaşyl reňkli, uzynlygy 7,5-10 sm çenlidir. Gadymy döwürde ol grek hem-de rim swilizasiýasynda hormatlanyp, paýhaslylygyň we parahatçylygyň nyşany hasaplanypdyr.

Lawr ýapragy diňe bir özüniň özboluşly ysy hökmünde ulanylman, eýsem ol saglyk üçin hem peýdalydyr. Düzüminde dürli peýdaly minerallar, witaminler, limonen, linalol, pinenler, metilhawikol, ewgenol ýaly işjeň maddalar bar. Bu maddalar antiseptiki we antioksidant häsiýetleri we iýmit siňdiriş aýratynlyklary bilen bellidir. Täze lawr ýapragy C witamine örän baýdyr, ýagny 100 gramynda 46,5 milligram bolup, bu bolsa gündelik kabul edilýän mukdarynyň 77,5 göterimine deňdir. C witamini bolsa immuniteti güýçlendirýär, wiruslara garşy täsiri bar. Şeýle-de ol DNK-nyň sintezi üçin möhüm bolan foli kislotasyna hem baý bolup, 100 gramynda 180 milligram saklanýar. Lawr ýapragy A witamininiň hem ajaýyp çeşmesidir, 100 gramynda 206 milligramy saklanýar. Hoşboý ysly ýaprak piridoksin, pantoten kislotasy, riboflamin ýaly witaminleriň hem ammarydyr. Bu B witaminler topary bolsa bedende fermentleriň sintezine, nerw ulgamynyň işjeňligine, metabolizmiň kadalaşmagyna goşant goşýar.

Şeýle-de onda mis, kaliý, kalsiý, marganes, demir, selen, sink, magniý ýaly minerallar hem saklanýar. Kaliý beden öýjükleriniň we beden suwuklygynyň düzüm bölegi hökmünde, marganes hem-de mis fermentleriň işjeňliginde, demir gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmeginde esasy faktor bolup çykyş edýär.

Lawr ýapragynyň we onuň miwesiniň özüne çekiji, işdäni açyjy häsiýetleri, zyýankeşleri ýok ediji aýratynlyklary diýseň uludyr. Ýapragyndan alynýan ýagy halk lukmançylygynda bogun çişmesini, myşsa agyrysyny, bronhit we dümew alamatlaryny bejermekde ulanylýar.

Belli bolşy ýaly, lawr ýapragy köplenç halatda guradylan görnüşde ulanylýar. Şeýle-de ol doňdurylan, ezilen ýagdaýda hem peýdalanylýar. Guradylanda gün şöhlesinde goýulýar, şol ýagdaýda düzümindäki ajymtyk tagamy hem belli bir derejede aýrylýar. Şeýle-de ol dürli ösümlik çaýlarynyň hem düzümine goşulýar. Bularyň ählisi bolsa lawr ýapragynyň ähmiýetli peýdasyny has-da artdyrýar.

 

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu