Trend we gözellik

Hurma – diýetologiýada we kosmetologiýada

29-05-2021 / 22

Dünýä ýüzünde 500 töweregi görnüşi bolan hurmanyň korolýok, şaron, çopantelpek hurmasy, injir hurmasy ýaly görnüşleri belli bolup, iň köp ýaýrany gündogar hurmasydyr. 

Hurma çalt horlanmak üçin berhizlik hökmünde giňden ulanylýar. Muňa düzüminde şekeri köp saklanýandygy we ýokary kaloriýalylygy sebäp bolýar. Emma berhizlik üçin hem-de kosmetologiýada hurma hemmeler üçin peýdaly däldir. Süýji keselli adamlar hurmany köp iýmekden saklanmaly. Aşa köp iýlen ýagdaýynda aşgazanasty mäziniň kynçylyk çekmegine, böwrekde daşlaryň toplanmagyna getirýär, miwesinde saklanýan süýüm bilen birleşen tanin maddalary içegäniň böwetlenmegine getirýär.

Ýaponiýanyň ýaşaýjylary leňňeç etini iýenlerinden soň hurma iýmezlige uly üns berýärler. Çünki bu iki iýmitiň bilelikde kabul edilmegi tanin maddalarynyň täsirini güýçlendirýär. Şonuň netijesinde hem iýmit siňdiriş ýollary böwetlenýär. Hurmanyň düzümindäki ýod bedendäki ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin peýdalydyr. Hurmada göz üçin peýdaly bolan beta-karotin bilen A witamini köp saklanýar. Şeýle-de onuň düzüminde ýürek kesellerini hem-de gipertoniýany bejermekde ähmiýetli bolan kaliý, magniý; gan azlygyň möhüm bejeriş serişdesi bolan demir köp toplanýar.

C witaminini hem saklaýandygy sebäpli, sitrus miwelerinden tapawutlylykda, aşgazan üçin oňaýlydyr, sebäbi hurmada turşulyk ýokdur. Hurmadaky B witaminler topary şokolad bilen deň derejededir, çünki ondaky B witaminler topary şokolad ýaly serotoniniň öndürilmegine goşant goşýar. PP witaminleri bolsa gan damarlarynyň diwaryny berkitmäge ýardam edýär. Peýdaly maddalaryň özboluşly “ammary” bolan hurma bedendäki holesteriniň hem derejesini sazlamakda ähmiýetlidir. Onuň tohumlary işjeňleşdirilen uglerod önümçiliginde ulanylýar, ondan alynýan ekstrakt maddalar bolsa iýmit goşundylaryny güýçlendirýär. 

 

Aýbibi KUTLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ösümlikçilik kafedrasynyñ mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu