SliderTrend we gözellik

Iň halanylýan zenan atyrlary

26-10-2024 / 377

Atyrlar zenanlaryň stiliniň üstüni ýetirýän iň möhüm elementleriň biri hökmünde görülýär. Şahsy islegler dürli-dürli bolsa-da, käbir zenanlaryň atyrlary ählumumy meşhurlyk gazanyp, brand derejesine ýetmegi başardy. Ine, dünýädäki iň halanylýan görnükli zenan atyrlary we olaryň aýratynlyklary:

Chanel No. 5 – 1921-nji ýyldan bäri zenanlaryň aýrylmaz atyrlaryndan biri bolmagyny bu günki gün hem dowam etdirýär. Bu atyr çylşyrymly we özüne ynamly zenanlaryň saýlaýan atyrydyr.

Dior J’adore – gül we miweli bellikleri bilen tapawutlanýan bu atyr täze bir duýgyny döredýär. Atyr bergamot, şetdaly, peoni ýaly komponentleri bilen romantik we ajaýyp atyrlary halaýan zenanlaryň saýlawy bolmagynda galýar.

Tom Ford black orchid –  has batyrgaý we hyjuwly warianty gözleýänler üçin dogry saýlaw bolup biler. Ajy, agaçly we gülli täsirleri birleşdirip, bu atyr baş aýlaýan ys gözleýän zenanlaryň halaýan görnüşidir.

Black Opium – gujurly we häzirki zaman gelin-gyzlaryň aýrylmazydyr. Kofe we waniliniň bilelikdäki täsirinden dörän bu atyr ajaýyp ysy bilen tapawutlanyp, dinamiki atmosfera döredýär.

Zenanlar üçin atyr saýlanyňyzda göz öňünde tutmaly zatlaryňyz! Atyr saýlamak ýakymly ysy tapmak bilen çäklenmeýär. Ys adamyň keýpini, stilini we hatda gündelik durmuşyny görkezýär. Şonuň üçin atyr saýlanyňyzda deriniň görnüşine, möwsümine we şahsy tagamlaryna üns bermek möhümdir.

Mähri ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu