HabarlarSliderTrend we gözellik

Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty döredilýär

Karara gol çekildi

27-03-2025 / 145

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminamada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek ýaly maksatlar göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanda maldarçylygy, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýerli howa şertlerini we ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär.

Ýadymyzda bolsa, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýediýyllyk Prezident Maksatnamasynyň hem-de şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda gazanylmaly makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri beýan edildi. Şeýle-de onda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda obasenagat pudagynda-da hil taýdan täze üstünlikler gazanylar.

Arzygül AKMYRADOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu