SliderTrend we gözellik

Moda — täsin medeni tendensiýa

01-11-2024 / 212

Moda iň üýtgäp durýan medeni hadysalaryň biridir. Her möwsüm bize durmuşyň geçişini, dünýädäki hemme zadyň gaýtalanýandygyny görkezýär, şeýle hem moda bize ertire bolan umydy döretýär.

Moda belli bir wagtda, belli bir gurşawda kabul edilen endikleriň, gymmatlyklaryň we tagamlaryň toplumydyr. Modany şeýle atlandyryp bilersiňiz: ol — içgysgynçlygyň bejergisi. Galyberse-de, ylham we içki dünýäni göz öňüne getirmegiň usuly bolup hyzmat edýär.

Gyzykly tarapy, «Moda» düşünjesi XVII asyrda ýüze çykyp ugraýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Moda tendensiýasy ugrunda Ispaniýa, Italiýa we Fransiýa göreşdiler. XIX asyryň ikinji ýarymynda, bilşimiz ýaly, moda pudagy ýüze çykyp başlady. Möwsümleýin moda, ýokary moda hem-de moda öýleri açyldy we olar işini häzire çenli dowam etdirýärler.

XX asyr moda üçin rewolýusiýa boldy. Hökümdarlar däl-de, dizaýnerler modanyñ üstünden höküm sürüp başladylar. Moda adamlar bilen deň üýtgeýär. Umuman, moda hakda köp zatlary aýdyp bolar.

Zyýada AKMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu