SliderTrend we gözellik

90 ýaşly meşhur modelýer

26-10-2024 / 282

Italiýanyň iň meşhur modelýeri, Giorgio Armani lýuks moda öýüni esaslandyryjy Jorjio Armani “Corriere della Sera” gündelik gazeti bilen söhbetdeşlikde geljek iki-üç ýylyň içinde pensiýa çykmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. “Kompaniýanyň ýolbaşçysy hökmünde ýene iki-üç ýyl işläp bilerin. Ondan köp däl, bu oňaýsyz bolardy” – diýip, ol belledi.

Ýeri gelende bellesek, Armani 1934-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä indi. Ol moda işine başlamazdan ozal, lukmançylyk ugrundan bilim alýar. Soňra fotosuratçynyň kömekçisi bolup işläp, harby gulluga gidýär. Gullugy tamamlandan soňra, 1957-nji ýylda Armani Milanyň uniwermaglarynyň birine işe ýerleşdi. Ol ýerde ammarçy, witrina bezegçisi bolup işläp, karýerasyny ýola goýýar.

1960-njy ýyllarda «Jorjio» modelýer we «Cerruti 1881» moda öýüni esaslandyryjy Nino Çerrutiniň elinde dizaýner bolup işleýär. Ol ýerde, takmynan, 5-6 ýyl töweregi erkek egin-eşiklerini tikýär. Soňra beýleki meşhur dizaýnerleriň ýanynda-da stilist bolup işleýär. Armani öz kompaniýasyny 1975-nji ýylda esaslandyryp, bir ýyldan soň bolsa öz ady bilen ilkinji taýýar egin-eşik kolleksiýalaryny halka hödürleýär.

Ýusupmuhammet RESULMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energo tehnologiýa fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu