Dünýä ýüzünde almanyň 7500-den gowrak sortlary belli bolup, olaryň biri-de “Gara göwher” ady bilen tanalýan gara reňkli alma sortydyr. Almanyň bu sortunyň daşky gabygynyň reňki garamtyl hem-de az kem ýalpyldawuk. Almanyň şeýle reňkiniň bolmagy biraz geň bolup görünse-de, ol hakykat.
Bu alma deňiz derejesinden 3100 metr belentlikde ýerleşýän Tibet daglaryndaky bagda ösdürilýär. Bagyň meýdany 50 gektardan gowrak bolup, bu ýeriň aýratyn hem özboluşly howa şerti almanyň bu sortunyň ösmegi üçin amatly ýer bolup durýar. Almalar günüň dowamynda Gün şöhlesini has köp alýarlar, şol sebäpli-de gabygynyň reňki gyzyl reňkden goýy garamtyl-gyzyl reňke öwrülýär.
Daşyndan göräýmäge göwher ýaly owadan hem täsin. Geçen ýyl bir möwsümde “gara göwheriň” 50 müň tonna hasyly ýygnaldy. Özboluşly aýratynlygy sebäpli bu alma çäkli mukdarda diňe Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Guançžou ýaly şäherleriniň söwda nokatlarynda satylýar. Özüniň biologiki aýratynlyklaryna görä, gara alma sowuk howa şertlerine hem-de mör-möjeklere garşy durnukly bolup, düzümi hem peýdaly minerallara, witaminlere baýdyr. Onuň tagamy hem adaty almanyň tagamy bilen deňeşdirilende has-da tagamlydyr.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.