Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köp öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp gelýärler. Şeýle gözellikleri özünde jemleýän nepis türkmen halylarydyr, gülli keçeleri, nagyşly lybaslary, gül tahýalary eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar.
Çeper elli zenanlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleri özüniň öwüşginliligi, milliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Şol ajaýyp keşdelerde türkmen tebigatynyň aňyrsyna gözýetmez sähradyr-sonarlaryny, gül-gunçaly ýaşyl meýdanlarynyň özboluşly keşbini synlamak bolýar. Inçelik bilen mähir diňdirilip ýerine ýetirilen milli nagyşlar bolsa, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Türkmen maşgalasynda gyz bäbejik dünýä inende hem, onuň ulalansoň çeper elli, tikin-çatyndan başy çykýan, “elinden dür dökülýän” tüýs türkmen gyzy bolup ýetişmegi üçin ýagşy umyt edip, şeýle hüwdüdir-gazallary döredipdirler:
Hünärli gyz sepinde,
El hünärin getirer.
El hünärini synlap,
Il waspyny ýetirer.
Ýa-da bolmasa, “Kökli işim – görkli işim”, “ Köküm bar – görküm bar” diýen ýaly aýtgylar özüniň köp manylylygy bilen nesil terbiýesinde öz ähmiýetini saklaýar.
Häzirki döwürde çeper elli zenanlarymyzyň döredýän bu ajaýyplyklary döwrümiziň sesine ses, rowaçly menzillerimiziň badyna bat goşup, durmuşymyza gözellik nuruny çaýýar. Goý, bu gaýtalanmajak gözellikler toýly Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşsun!
Gyrmyzy SÖÝEKOWA,
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Bet