Žurnalistiň sahypasy

Ak halatly perişde deý…

04-05-2021 / 12

Bu waka men kiçiräk wagtym bolup geçipdi. Bir gün çagalar bagynda öz deň-duşlarym bilen ýörkäm ýykylyp aýagymy agyrdypdym. Şol gün öý şertlerindäki emler bilen aýagymyň agyrysyny aýyrjak bolduk, emma gaty bir täsir etmändi. Ertesi ejem ýüz tutmalydygy barada oýlandy, şeýdibem entek maňa tanyş bolmadyk ýere meni alyp gitdi. Men ýolda ejeme gyzyklanma bilen:

-Eje, eje biz nirä barýarys? — diýip sorag berdim.

-Hassahana gyzym, aýagyňy lukmana barlatmaga — diýen jogap bilen soragymy kanagatlandyrdy.

Şeýdip hem gelmeli ýerimize geldik. Awtobusdan düşüp hassahananyň gapysyna tarap ýöneldik. Gapa ýakynladygymyzça özümiň biraz gorkýandygymy duýdum, ýöne ejeme bildirmedim.

Ynha-da, gapysyndan girdik. Içeri girenimde ilki bilen özüm ýaly her hili sebäp bilen lukmanyň ýanyna gelen çagalar ünsümi çekdi. Olaryň arasynda käbirleri ýuwaşja bolup lukmanyň barlagyndan geçýärdiler, käbiri bolsa gorkup aglaýardylar. Hassahanadaky ak halatly, ak ýektaýly lukmanlar bolsa şol aglaýan çagalary güýmemek üçin olara hoşamaý sözleri aýdyp, herhili gyzyklyja zatlary gürrüň berýärdiler. Şeýle hem, lukmanlar hassalary bejermek üçin eýläk-beýläk dynman hars urýardylar.

Töweregimde bolup geçýän wakalara, lukmanlaryñ adamlara kömek bermek üçin aladalanyşyna biraz salym üns berdim, soňra bolsa ejeme bakyp:

-Eje, eje, siz ýalňyşypsyňyz ahyry. Bäri hassahana däl-de, ak eşikli perişdeleriň öýi eken-ä – diýip, ýylgyrdym.

Şol wagt ejem maňa mähirli ýylgyryp, emaý bilen başymy sypady.

Dogrudan hem lukmanlarmyzy perişdä deňäp bileris. Olar nähili ýagdaý bolanda-da, nähili hassa bolanda-da, ony bejermek üçin edil perişdeler ýaly elinde baryny gaýgyrman adamlara kömek edýärler, şeýdibem halkyň alkyşyna eýe bolýarlar.

Ýaşasyn lukmanlarymyz!

 

Mähri ÇARYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

2 Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu