Žurnalistiň sahypasy

IQ barada bilýärdiňizmi?

28-04-2021 / 17

IQ (Intelligence quotient) bu – “aňtaw paýy” diýmegi aňladyp, bu adamyň pikirlenmek ukybynynyň ölçeg birligidir. Gysgaça aýdylanda, bu adamyň berlen maglumatlardan ýa-da logikasynyň güýjüne daýanyp, soraglar jogap bermegini we çaklamalary döredip biljek ukybyny ölçeýär. IQ testlar adamyň diňe bir pikirleniş ukybyny barlaman eýsem, onuň ýatda saklaýşynyň ukubyny ölçemegi hem başarýar. Bu testler adamlaryň çylşyrymly beýni üçin oýunlar bn ukybyny we öň öwrenilen maglumaty nähili çaltlyk bilen gaýtadan ýatlap biliş ukybyny hem anyklaýar.

Häzirki wagtda käbir ýokary okuw jaýlarynda IQ testleri yzygiderli geçirilýär. Bu testler okuwçylaryň haýsysy ýolbaşçylyk işine laýyk ýa-da haýsy ugurdan ökdedigini çaklamakda peýdalydyr.

Biriniň IQ testleriniň jogaplaryny okamak örän gyzyklydyr. Köp adamlaryň aýtmagyna görä, aňlylyk bu üstünlikli adamlaryň üstünlikli bolmaklarynyň esasy sebäbidir. Adamyň aňyny öwrenýän alym psihologlar bu aýdylan sözleriň dogry däldigini aýdýarlar. IQ testler adamyň belli bir ugurdan; meselem, ylym, inženerçilik ýa-da sungat ugurlarynda abstrakt pikirlenişini çaklamak mümkindir, emma bu adamyň geljekde üstünlikli boljakdygyny çaklamak diýmek däldir…

Aaa siz…haýsy pikir bilen ylalaşýarsyňyz?!

 

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu