PsihologiýaŽurnalistiň sahypasy

Ýaltalaryň 3 bahanasy

23-04-2021 / 13
  1. Men başaramok. Saňa “Sen başarmarsyň” diýip biljek ýeke-täk adam bu seniň özüňsiň. Eger-de sen beýniň düýp-teýkaryndan – bir ýerlerden ýaňlanýan bu sedany eşidýän bolsaň, onda öçür bu sesi. Seniň özüňe bolan ynamyň daglary ýerinden gozgap biler, emma öz-özüň babatdaky şübheleriň bolsa olary täzeden ýerine goýup biler. Seniň öz-özüňe şübhelenmegiň – şahsy ösüş babatdaky ilkinji duşmanyňdyr. Gysgaça aýdanymyzda, seniň şübheleriň bilen ynamyň arasynda nähilidir bir umumylyk bar: olar seniň görüp bilmeýän nämedir bir zadyňa ynanmagyňy talap edýärler. Saňa diňe nämä ynanjagyňy saýlaýmak galýar.
  2. Men muny ertir ederin.Üstünlikli adamlarda ýaltalaryň ertire meýilleşdirýän zadyny şu gün etmek adaty bardyr. Önjeýliligiň iň uly ýagysy – nämedir bir zat etmek üçin, şu güne garanyň-da, ertiriň has laýyk boljaklygyna bolan ynamdyr. Ertir hem özüňi duýuşyň edil şu mahalky ýaly bolar, amatly gün bolsa hiç haçan gelmez.Seniň hakyky meseläň bu gün başarmajaklygyňda däldir, asyl niýetiňdedir. Düşün ahyry, seniň ol diýýän “ertiriň” aslynda ýok, hiç haçan hem bolmaz. Sendäki ýeke-täk mümkinçilik – bu sende, şu wagt bar bolanydyr. Şu salym, şu pursatdyr. Şu günden başga parhly gün ýok. Eger sen şu gün özgeleriň etmeýän zadyny etseň, bagtyň çüwdügidir. Ertir oýanarsyňda, özgeleriň başarmaýan zadyny etmäge ukyplydygyňy duýarsyň.
  3. Meniň iň gowy bitiren işim hem o diýen öwerlikli däl. Öňe ilerlemäge itergi berýän bir möhüm iş bilen meşgullanan halatyň özüňe tankydy nukdaýnazardan garamak – bu kadaly ýagdaý. Bu seniň ähli zady gowy etmäge bolan islegiň bilen peýda bolýar. Köplenç, zähmetimiziň miwesi bilen garaşýan zadymyzyň arasynda örän uly parh bolýar. Sen özüňe bitiren işiň entek o diýen öwerlik däldigini aýdýarsyň: jan edýäň, emma barybir isleýän netijäne ýetip bilmeýärsiň. Bu seni kejikdirýär, onsaň  sen baryny güm-lam edip taşlamaga taýýarsyň. Emma başyna baran işiň kämiligine bolan isleg seni bu iş bilen meşgullanmaga iterendir. Ynha, şu hem bahasyna ýetip bolmajak esasdyr. Özüňdäki iň gowy, aňyrybaş derejede bolmak islegiňe eýýäm ýeten derejäňe atanak çekmäge, kämilleşmegi we öwrenmegi goýbolsun etdirmäge ygtyýar berme. Sen islegiňe hökman ýetersiň. Ýöne wagt hem tejribe gerekdir. Eger sen häli-häzir hem şu basgançakda bolsaň, munuň özi bolaýmaly zatdygyna, kadaly ýagdaýdygyna düşün, seniň edip biljek iň möhüm zadyň – öz işiňi ýerine ýetirmegiňi dowam etdirmegiňdir. Diňe işiňi artykmaçrak etmek arkaly, sen öz ukyp-başarnygyňy kämilleşdirip we garaşylýan netije bilen öz zähmetiň arasyndaky uçudy gysgaldyp bilersiňiz.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu