Akademiýa baýragy! Men häzirem bu ýerde duranyma ynanyp bilemok! Bu belkem düýş bolsa gerek!
Öňler Oskar baýrak gowşurylyş dabarasyna her ýyl kakam bilen tomaşa ederdim, käteler bolsa ony ejemem biz bilen görerdi. Şonda her gezek kakam: «Oglum, sen kinolaryň bilen dünýä boýunça birnäçe baýraklary aldyň, ýöne sen haçan, hut şu baýragy alarkaň?!» diýip sorardy. Menem kakamyň ýüzüne seredip, ýylgyryp, «Kaka, men diňe uruşly, komediýa kinolaryna düşýän-ä» diýip jogap bererdim.
Birnäçe ýyldan soň şeýdip men Golliwuda geldim. Bärde uly studiýalar we režisýorlar bilen duşuşdym. Soňra bolsa dostumyň, ýagny Stallonanyň öýünde ornaşdym. Hawa bu 23 ýyl mundan öňdi. Şonda men bu kiçijek owadan zady onuň öýünde görenimde elime alyp ogşap çykdym, ysgap gördüm. Görseň häzirem onda meniň barmak yzlarym durandyr. Hawa ol ony saklapdyr. Şonda men özüme: «Menem edil şular ýalagyny isleýän diýipdim». Muny size aýdýan, çünki adam diýlen ynanmazak bolýar.
We ahyry 56 ýyllyk kino industriýasyndan, 200-den gowrak kinolardan we birnäçe döwülen süňklerden soňra — bu indi meňki.
Men dogduk mekanyma, göbek ganymyň daman ýeri, birnäçe garagollyk eden ýerlerim ajaýyp Gonkong şäherine we öz Watanym — Hytaý Halk Respublikasyna örän minnetdardyryn. Men özümiň hytaýlydyma diýseň buýsanýaryn.
Şeýle hem maňa şunça ýyllap birnäçe zatlary öwreden, meni azajygam bolsa meşhur eden Golliwuda-da sagbolsun aýtmak isleýärin.
Maşgalama, aýalym Joanna, oglum Jeýsiýe we döredilenine şu ýyl 40 ýyl ýubileýi bolýan «Jeki Çan Stan toparyna» aýratyn sagbolsunymy aýdýaryn. Ähli dostlaryma maňa eden kömekleri üçin ak ýüregimden minnetdarlyk bildirýän.
Wideony görmek üçin: