Aýal-gyzlaryň bezeg işlerinde esasy orun tutýan we köp ulanylýan kosmetikalaryň biri-de, pomadadyr. Dekoratiw kosmetikasy zenan keşbiniň jemleýji notalaryny amala aşyrmaga ýardam berýär. Şeýle-de olar zenanlaryň görküne has görk goşup, her bir toý-baýramda, ýa-da gündeki durmuşda hem diýseň owadan we özüneçekiji bolmaklaryna ýardam berýär. Elbetde, bu işde ajaýyp netijäni gazanmaklyk üçin pomadanyň haýsy reňkiniň size has gowy gelişjekdigi barada bilmek gerek. Bu iň esasy meseleleriň biridir, çünki her kimiň özüne görä aýratynlygy we gelişýän reňki bolýar. Elbetde, dogry reňki saýlamak – aňsat iş däl. Onuň üçin ýaşyňy, ýüzüň, gözüň, saçyň reňkini hökman göz öňüne tutmalydyr.
Häzirkizaman söwda dükanlarynda pomadanyň dürli görnüşli reňklerinden başga- da, dürli hillilerini hem saýlap bolýar. Saýtymyzyň şu makalasynyň üsti bilen siz dürli görnüşdäki pomadalaryň aýratynlyklary barada gysgaça maglumat alarsyňyz.
Reňke görä pomada saýlamak
Wizažistler her günlük kosmetika saýlamak üçin üç zady – saçlaryň, gözüň we teniň reňklerini göz öňüne tutmagy maslahat berýärler. Zenanyň saçy näçe garamtyk boldugyça, ol gündelik makiýažynda goýy reňkleri ulanyp biler. Saçy açyk reňkdäki gyzlara bolsa göze ilmeýän, açyk reňkli pomadalar has gowy gelişer.
Geliň saçlaryň reňklerine görä gelişýän pomadalary aýratynlykda belläp geçeliň:
1. Sary saçly gyzlara gülgüne, mylaýym mämişi reňkler gelişer. Açyk reňkli saçly gözeller aram-açyk reňkleri-de ulanyp bilerler. Biraz goýurak sary saçly gyzlara bolsa, koral we şetdaly reňkler gelişýär.
2. Açyk goňur saçly gyzlara açyk gyzyl reňkler gelişer. Ýapyk goňur saçly gyzlara goňur, käşir reňkleriň ähli goýy görnüşleri-de diýseň gowy gelişer.
3. Gyzyl saçly gyzlara goňur, ülje, käşir w gülgüne reňkler başga gyzlardan has gowy gelişýär.
Bu maslahatlar kaştan saçly gyzlar üçin-de peýdalydyr. Şeýle-de olar ýapyk gülgüne reňki-de barlap görüp bilerler.
! Gara buýra saçly gyzlara käşir we açyk gülgüne reňklerden gaça durmak maslahat berilýär. Açyk saçly, gök gözli gyzlara goýy käşir we gyzyl reňkleri peýdalanmak maslahat berlimeýär. Olara mylaýym-pion reňkindäki pomada gowy gelişer. Ýapyk gyzyl saçly we goňur gözli gyzlara ýapyk reňkler gelişer: goňur, krem, kapuçino, ýapyk gülgüne. Gök gözli, gyzyl saçly gyzlara bolsa, karamel we koral reňkler gelişer.
Indi bolsa, gözleriň reňkine görä pomada saýlamak barada gürrüň edeliň.
1. Goňur gözli gyzlara goýy gyzyl we goňur reňkler;
2. Gök gözli gyzlara üljäniň reňki we bežewyý reňkler;
3. Ýaşylymtyk gözli gyzlara goýy käşir we terraktowyý reňkler;
4. Gara gözli gyzlara pastel we gülgüne reňkler diýseň gowy gelişer.
Reňk saýlamakda göz öňünde tutmaly zatlaryň ýene-de biri – ýüzüň reňkidir.
1.Eger garaýagyz bolsaňyz size slipowyý, gyzyl we goňur reňkler gowy gelişer.
2.Saryýagyz we açyk ýüzli gyzlar bolsa, erik, gülgüne, koral reňkler peýdalansa bolar. Eger-de saryýagyz gyzlar ýüzüniň reňkini has-da aýratynlandyryp görkezmek islese, oňa bu meselede gyzyl reňk ýardam eder. Ýöne, elbetde her günki makiýažda beýle goýy reňkiň ulanylmagy maslahat berilmeýär.
3.Açyk reňkli gyzlara şokolad reňkini peýdalanmak düýbünden maslahat berilmeýär.
Görşümiz ýaly, reňklere görä pomada saýlamakda birnäçe ýazylmadyk düzgünler bar. Emma siz olara eýerseňiz, ajaýyp keşbi gazanyp bilersiňiz! Esasy zat gaty göze ilginç pomadanyň saýlanylmazlygydyr.
Mähriban gelin-gyzlar! Saýtymyzda ýerleşdirilen bu makalanyň kömegi bilen siz gündelik durmuşda ulanylýan esasy kosmetik serişde bolan pomadanyň öz gözel keşbiňize görä nähili saýlanylmalydygy barada maglumatlary aldyňyz. Gelin-gyzlar, esasy zat öz göwün isleýşiňize hem-de keýpiňize görä güler ýüzüňizi bezäň! Ajaýyp, özüneçekiji keşbiňiz bilen bolsa, bütin dünýä gözellik paýlaň!
Üstünlik arzuw edýäris!
Ýazga geçiren: Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.