PsihologiýaŽurnalistiň sahypasy

Suhangöýlük sungaty: Şowly çykyş etmegiň ýönekeý syrlary

16-04-2021 / 23

Özüňi kämilleşdirmek üçin kitap tekjelerinde hödürlenýän kitaplaryň sany-sajagy ýok. Esasy zat ähmiýetli boljak kitaby saýlap okamakda bolup durýar.

Suhangöýlük hakynda bolsa, Siseronyň “Suhangöýlük sungaty barada üç traktat”, Artur Şopengaueriň “Eristika ýa-da jedellerde ýeňiş sungaty”(1831 ý), Jeýms Hýumsuň “Beýik suhangöýleriň syrlary. Çerçil ýaly gürläň, Linkoln ýaly hereket ediň” kitaplar çykyş etmegiň ussatlygyny artdyrmak üçin okalmagyna mynasyp kitaplaryň hatarynda durýar. Siseronyň suhangöýlük sungaty baradaky pelsepesi boýunça, Rimde oratoryň diňe bir gowy gürleýän adam bolman, eýsem oratoryň kömegi bilen adalat, syýasat, medeniýet, jemgyýetçilik aňyna täsir edip bilmegi her bir döwlet işgäri başarmalydygyny belleýär. Suhangöýlüge üstünliklere we ösüşe alyp barýan aňy dolandyrmak ukyby hökmünde ýokary baha berlipdir. Hatda Gadymy Gresiýada ähli zat sözlemek sungatyna bagly bolup, onuň pesligi döwletiň binýadynyň gowşamagyna gönüden-göni täsir edýändigi aýdylýar.

Häzirkizaman oratorlyk sungatynda Radislaw Gandapasyň tejribesinde hem öwrenere zat köp. Işewür liderlik boýunça hünärmen, täsirli okatmagyň awtory hasaplanýan Gandapas, ýönekeý mysallar bilen şeýle düşündirýär: çykyş edýän erkek adam hökmünde, diňleýjini bolsa, zenan maşgala deňeýär.

Çykyşyň mazmunynda ideýa beriji, ýol görkeziji görnüşde düzmek, ýygnananlary öwmek usullaryny ulanmalydygyny belleýär. Amerikanyň taryhynda 5 prezidentiniň söz sözlänindäki çykyşlaryny taýýarlan J. Hýums tanymal syýasy şahsyýetleriň tejribelerinden uzak wagtlap öwrenen oratorlyk sungaty oňa täsirli usullary we strategiýalary toplamaga mümkinçilik berdi.

Jeýms Hýumsyň “Beýik suhangöýleriň syrlary. Çerçil ýaly gürle, Linkoln ýaly hereket et” atly kitabynda köpçüligiň öňünde tolgundyryjy täsirli çykyş etmegiň esasy 10 ýörelgesi hökmünde şulary kesgitleýär.

1. Arakesme
Köpçüligiň öňündäki çykyşy üstünlikli alyp barmak üçin nämeden başlamaly? Jogap ýönekeý: Arakesme bilen. Çykyş edýäniň özüni gysgaça tanyşdyranyndan ýa-da birnäçe minutlyk çykyş edeninden soň, siz zalda ümsümlik döretmegi başarmaly. Münbere çykyp, tomaşaçylaryň töweregine we nazaryňyzy diňleýjileriň birine gönükdiriň. Soňra ilkinji sözüňizi paýhasly sözlem bilen säginme ediň, gysga wagtlyk arakesmeden soň çykyşyňyza başlaň.

2. Ilkinji jümle
Beýik suhangöýler çykyşyň açylyş sözüne uly ähmiýet berýärler. Telewideniýäniň terminologiýasynda çykyşyň iň täsirli pursaty çykyşyň açylyş jümlesi hasaplanýar. Diňleýjiler sahna çykan pursatyňyzdan başlap, siziň kimdigiňizi, akyl derejäňiza baha bermäge başlaýarlar. Birnäçe sekuntdan soň diňleýjileriň ýa-da tomaşaçylaryň telefona güýmenip başlamagy, ýanyndaky bilen pyşyrda geçmegi ýa-da uklap galmagy… siziň ilkinji jümläňiziň şowuna düşmänligini aňladyp biler. Diýmek, tomaşaçylaryň ählisi siziň çykyşyňyzyň başlangyjyny üns bilen diňleýär.

3. Göwnaçyk başlangyç
Eger siziň sözlük goruňyzda jüpüne düşjek nakyl, ganatly jümleler ýok bolsa, hemmeleriň ünsüni çekip biljek öz durmuşyňyzdaky bolan bir waka (hatda bolmadyk, ýöne çykyşyňyza degişli bir durmuşy wakany özüňizde bolan ýaly ynandyryjy) bilen başlaň. Eger sizde näbelli diňleýjiler üçin möhüm fakt ýa-da täzelik bar bolsa, onda şondan başlamak makuldyr (düýn irden sagat 9-larda…). Tomaşaçylaryň sizi lider hökmünde kabul etmegi üçin güýçli başlangyjy saýlaň.

4. Esasy pikir (Pikiriň maňzy)

Öz çykyşyňyz ýazmaga oturanyňyzda, pikiriňiziň esasy maňzyny kesgitlemegi başarmalysyňyz. Giňişleýin zat ýazmakdan saklanyň, üns berilmeli punktlar boýunça meýilnamaňyzy düzüň: ilki bilen açar sözüňizi ýazyň, yzyndan bolsa, durmuşda bolýan bir waka ýa-da atalar sözi, goşgy setirini belläň. Çerçilliň aýdyşy, gowy sözleýiş simfoniýa meňzeýär.

5. Sitata (sözme-söz salgylanma)
Sitatany dogry saýlamagyň üns bermeli birnäçe kadalary bar. Sitata ilki bilen özüňize ýakyn bolmaly. Ýagny hiç wagt size tanyş bolmadyk, sitatalary ulanmaýan awtorlaryň sözlerine salgylanmaň. Ikinjiden, awtoryň özi diňleýjilere tanyş bolmaly. Gysga sitata ulanyň. Salgylanmany çykyşyňyzyň mazmunyna sazlaşdyrmagy başarmaly.

Üstünlikli çykyş edýänleriň köpüsi şeýle usullary ulanýarlar: sitata bermezden ozal durup, äýnek dakýarlar ýa-da gapjyklaryndan sitata ýazylan kartoçkany gapjygyndan çykaryp okaýarlar. Bu köpe täsir etmegiň bir usulydyr.

dowamy bar…

Şirin ŞIRLIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu