Trend we gözellikŽurnalistiň sahypasy

Dünýä we zenan

15-04-2021 / 9

Mähriban okyjylar! Size aprel aýynyň 15-ne dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Emma Charlotte Duerre Watson (30 ýaşaýar) – iňlis aktrisasy. Ol dünýä boýunça meşhurlygyny blokbasterlerde we garaşsyz filmlerinde ýerine ýetiren keşpleri, şeýle-de aýal-gyzlaryň hukuklary boýunça bitiren işleri bilen gazanýar. Onuň “Harry Poter” filminde ýerine ýetiren Germionanyň keşbini bilmeýänler, megerem, ýok bolsa gerek.

Maisie Williams (23 ýaşaýar) – iňlis akrtisasy. Onuň ilkinji keşbi 2011-nji ýylda surata düşürilen “Game of Thrones” filminde ýerine ýetiren Starkyň keşbi bolup, ol oňa diýseň uly meşhurlyk getirýär.

Emma Thompson (61 ýaşaýar) – iňlis aktrisasy, ssenariýaçy, aktiwist, awtor we komediýaçy. Ol Britaniýanyň iň köp tölenýän aktrisalarynyň biridir.

Alla Borisowna Pugaçýowa (72 ýaşaýar) – Sowet we rus aýdymçysy. Onuň zähmet ýoly 1965-nji ýylda başlanylyp, indi hiç bir konsert bermeýändigine garamazdan, şu  günki güne çenli dowam edýär.

Claudia Cardinale (83 ýaşaýar) – asly tunisli bolan italian aktrisasy. Ol 1960-1970-nji ýyllaryň iň meşhur Ýewropa filmlerinde, şol sanda birnäçe iňlis filmlerinde hem keşpleri ýerine ýetirýär.

Josiane Balasko (71 ýaşaýar) – fransuz aktrisasy, ýazyjy we režissýor. Ol ýedi gezek Cesar Awards baýragyna nominirlenýär we iki gezek ony ýeňmegi başarýar.

Natacha Polony (46 ýaşaýar) – bilim ulgamyna ýöriteleşen fransuz žurnalisti we publisist. 2011-2014-nji ýyllar aralygynda ol France 2 teleşounda işleýär.

Kimberly Dos Ramos De Sousa (29 ýaşaýar) – wenesuel aktrisasy, model, tansçy we aýdymçy. Ol zähmet ýoluna reklamalarda surata düşmekden başlap, Radio Caracas Telvision teleýaýlymynda işläninden soň has uly meşhurlyk gazanýar.

Mandira Bedi (49 ýaşaýar) – hindi aktrisasy, fason dizaýneri, we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol meşhurlyk derejesine 1994-nji ýylda surata düşürilen “Shanti” teleserialynda ýerine ýetiren keşbi bilen eýe bolýar.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu