Mysal arkaly görkezenimden gürrüňiň näme hakda gidýänini aňan bolsaňyz gerek. Hawa, elbetde, nesibe hakda. Nesibe – durmuşdan ykbalymyza ýetýän paý. Ynsanyň nesibe bijesi şowly ýa-da şowsuzlyga duş gelýär. Ýogsa-da, şowly we şowsuz nesibe nämä bagly? Elbetde, öz häsiýetlerimize, ädimlerimize bagly. Ädimler nirä ätse, jogaby hem şonuň miwesidir. Şowly pursatlarda biz özümiziň şol ugurda çendenaşa köp yhlas edendigimizi ýatlap, hoşal bolýarys. Bu ädimlerimizi dogry ýoldan ädenligimiziň netijesi. Emme sähel şowsuzlygy uçran pursadymyz biz näme üçin onuň sebäbini özümizden agtarmagy unudýarys?! Her bir şowlulyk we şowsuzlyk hereketlerimiziň jemidir.
Şowsuzlyk paýynyň nesibäňde bardygyna gynanma. Belki, sen maksadyň ugrunda az-kem kemterräk ädim ädensiň. Ädimler nähili bolsa, nesibe-de edil şonuň ýalydyr. “Yhlasa – myrat” diýlen nakyl ýöne ýere aýdylan däldir. Yhlasymyz näçe agdyk hem artyk boldugysaýy nesibämiz bize has çalt gowşar. Pikir, maksadymyz haýsy tarapa gönükse, ädimlerimiz hem şol tarapa hereket edýär. Biziň näme görýänimiz nirä seredýänimize baglydyr.
Hiç bir nogsanlygy özgelerden we özge zatlardan görmeli däl. Haçan-da şowsuzlygymyzyň özümizdendigine düşünenimizde göwnümiz aram tapýar. Şowsuzlyga duş bolan halatyňda hergiz zeýrenme. Zeýrençlikden peýda gelmez. Iňlis ýazyjysy Çarlz Dikkensiň şeýle sözleri bar:”Gözümiz göge garanda, onda gögüň şekili görünýär, batgalyga baksaň, gözümize batgalygyň şekili görünýär. Nirä bakmaly, näme görmeli, erk her kimiň özünde”. Nesibäniň şowly amala aşmagy üçin hoşniýetlilik hem artykmaçlykdyr. Hoşniýetli, päkgöwünli adama durmuş hem diňe hoşniýetlilik bilen garaýar. Konfusiýniň şeýle sözleri bar:”Söz ynamly bolmalydyr, hereket – maksada okgunly”.
Adama nesip eden zatlar oňa mynasyp zatdyr. Oňa nesip eden gowluklara onuň yhlasy diýip düşünip bolar. Olimpiýa oýunlarynda şeýleräk kada bar. Türgenler degişli bolan mynasyp orunlaryna görä medallar bilen sylaglanýar. 3-nji orny eýeläne bürünç, 2-nji kümüş, 1-nji orny eýeläne bolsa altyn medal gowşurylýar. Bu adalatly çözgüt türgeniň üstünlik bilen ýeten derejesini kesgitleýär. Türgen bu medallaryň haýsyna eýe bolsa, ol şol medala görkezen netijesine görä mynasypdyr. Bürünç medaly eýeläninden soňam öz ornundan nägile bolýan türgenlere sport ýaryşlarynda gabat gelmek mümkin. Emma sen munuň ýaly bolma! Sen özüň bol we şükranalygy elden berme. Nesibäňdäki zada şükür hem kanagat et! Altyn medal eýelemekçi bolsaň, onda kuwwatyňy, ädimiňi has-da artdyr. Durmuşdaky her bir hereketler hem türgenleriň orunlary ýalydyr.
Ykbalyna şowlulyk nesip eden kişilere hergiz bahylçylyk etme. Çünki şowlulyk durmuşda yhlasyňa görä serpaý ýapýar. Sen hem şonuň ýaly hormata mynasyp bolasyň gelýärmi? Onda häzirden başlap, maksadyň ugrunda ýadaman, ýaltanman hereket et. Ahyr bir gün pellehanadan birinji bolup geçersiň. Birinji bolup geçmegiň hem seniň ylgawyň netijeli tizligine bagly.
Görnükli arap akyldary Kerim aş-Şaziliniň aýdyşy ýaly:”Dogryňy aýt, haçan-da senden kiçiler senden köp ýeňýärka, senden sowatsyzlar senden köp gazanýarka, olar durmuşdan seniň alan paýyňdan has köp alýarka… bu zatlaryň syry-hikmeti dogrusynda pikir edip, gynanyp gördüňmi? Gynanma… Ykbal zerre agramyndaky yhlasyňy hem ýerde goýýan däldir”
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.