Trend we gözellikŽurnalistiň sahypasy

Gaýtalanmajak gözellik

10-04-2021 / 8

Türkmen tahýalaryny synlasaň oňa salnan gadymy hem-de owadan nagyşlarda gözüň eglenýär. Türkmen tahýalaryna salynýan islendik nagşyň özüniň aňladýan aýratyn manysy, döreýiş taryhy bar. Ene-mamalarymyz ol nagyşlary döredenlerinde tebigatdan: suwuň tolkununyň, ýagyş damjalarynyň, gülleriň şekillerine esaslanypdyrlar. Geliň olaryň käbirileri barada durup geçeliň.

“Süňşük” nagşy damja şeklindäki nagyşlardan düzülip, bu oglanlaryň akgaýma tahýasyna salynýar. Gyzlaryň tahýasynyň ortasyny bezeýän “gülýaýdy” nagşy gülüň täsin keşbini emele getirýär. “Gülýaýdy” nagşy durmuşa çykýan gyz üçin dokalýan haly önümlerine hem salynýar.

Suwuň tolkununyň şekili çekilýän “ergem” nagşy Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň gyzlarynyň tahýalaryny bezäpdir. “Bugdaý bogumy” nagşy salnan tahýalar bugdaý dessesiniň keşbini emele getiripdir.

Tahýa nagyşlarynyň arasynda çagalar üçin niýetlenenlerine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň gündogar böleginde meşhur bolan “bägül keşde” nagşy çagalaryň tahýasyna salynýar. Şeýle hem, tahýa nagyşlarynyň “alaja”, “pişme”, “hamtoz”, “gyzyl aýlaw”, “sekizburçluk”, “üçburçluk” ýaly görnüşleri hem bar.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu